Garaşsyz Türkmenistan Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanmak arkaly Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
Bilşimiz ýaly, taryhy-medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, gaýtadan dikeltmek maksady bilen Türkmenistan 1993-nji ýylda BMG-niň Bilim-ylym we medeniýet baradaky guramasy bolan ÝUNESKO–nyň doly hukukly agzasy bolup, bu abraýly gurama bilen işjeň gatnaşyklary saklap gelýär. Köpýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijesinde 1999-njy ýylda ýurdumyzyň gadymy Merw, 2005-nji ýylda Köneürgenç ýadigärlikleri, 2007-nji ýylda Nusaý galasy taryhy-medeni ýadygärlikleri ÝU NESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň Sanawyna girizildi. Şeýle hem, 2015-nji ýylda “Görogly” şadessany, 2017 –nji ýylda Küştdepdi, aýdym we tans dessury, 2019-njy ýylda Milli halyçylyk sungaty we 2021-nji ýylyň dekabr aýynda “Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň Maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi. Bu üstünlikler abraýly gurama bilen netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň miwesi bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen 2020-nji ýylyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça ýöriteleşdirilen guramasy bolan ÝUNESKO–nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň düzgünnamasy we düzümi tassyklanyldy. Şeýle hem, 2021-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Hökümetiniň we ÝUNESKO-nyň arasynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi hem-de bilelikdäki Hereketleriň meýilnamasynyň kabul edilmegi bellärliklidir.
2021-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň üç ýyl möhlet üçin ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa komissiýasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna hem-de 2021-nji ýylyň 18-nji noýabrynda, ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 41-nji mejlisiniň barşynda 2021- 2025-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Halkara Gidrologiýa maksatnamasynyň hökümetara geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy ýurdumyzyň BMG-niň bu ýöriteleşdirilen guramasy bilen özara gatnaşyklarynyň täze ugurlaryny işläp taýýarlamakda möhüm tapgyr boldy.şeýle hem ýurdumyz bilen bu guramanyň arasynda 2021-2023-nji ýyllar aralykda bilelikde hereketleriniň Meýilnamasy tassyklanyldy. Bu meýilnama laýyklykda häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň we onuň Sekretariaty tarapyndan Türkmen topragynyň baý, medeni mirasy bolan taryhy ýadygärliklerini ÝUNESKO–nyň Bütindünýä mirasynyň sanawuna girizmäge, şeýle hem Türkmen halkynyň baý tejribesi, ruhy baýlygyny ÝUNESKO–nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawuna girizmek boýunça birnäçe işler alnyp barylýar we bu ugurda degişli teklipler hödürlenildi. Esasan hem teklip edilen köptaraplaýyn hödürnamalar Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen iş ýüzüne geçirilýän Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň möhüm düzüm bölegine öwrülen medeni diplomatiýasy rowaçlanyp, döwletler arasyndaky gatnaşyklary has hem ösdürýär.
Tebigaty goramak we adamzadyň häzirki we gelejekki nesillere eşretli ýaşaýyş üçin tebigy gurşawy dürli hilli betbagtçylyklardan, hadysalardan goramak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, olary gaýtadan dikeltmek häzirki zaman dünýäsiniň öňünde duran iň möhüm, ählumumy wezipeleriniň biridir.
Şunuň bilen baglylyk-da, bu maksatlaryň çäginde häzirki döwürde Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny ÝUNESKO – nyň Bütindünýä mirasynyň Sanawuna girizmek bilen bagly “Adam we Biosfera” atly halkara maksatnamasynyň çäklerinde işler durmuşa geçirilýär. Onuň düzgünlerine laýyklykda ÝUNESKO – nyň agza ýurtlarynda ugurdaş milli komiteti döredilýär.
Mälim bolşy ýaly, ÝUNESKO–nyň “Adam we Biosfera” atly halkara maksatnamasy 1971-nji ýylda döredilip, onuň esasy maksady adamlary tebigy gurşawy bilen bolan gatnaşyklaryny has hem gowulandyrmakdan ybaratdyr. Bu maksatnama “ÝUNESKO– nyň halkara biologiýa maksatnamasynyň” dowamy, ylmy taryhynda ilkinji bolup tebigy ekosistemalaryň öndürijiligini öwrenmek boýunça köpýyllyk hyzmatdaşlygyny aňladýan maksatnamasydyr.
2021-nji ýylyň iýul aýynda döredilenine elli ýyl dolan “Adam we Biosfera maksatnamasynyň” esasy bölegi 1976-njy ýylda işe başlady we ol Bütindünýä goraghanasydyr. 1979-njy ýylda bolsa “Adam we Biosfera maksatnamasynyň” çäginde Türkmenistanyň Repetek tebigy goraghanasy bütindünýä biosfera goraghanalarynyň ulgamyna girizildi. Ol Türkmenistanyň çäginde ilkinji we ýeketäk biosfera goraghanasy bolup durýar. Muňa garamazdan, häzirki döwürde Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň aram guşaklykdaky çölleriniň goraghanalaryny öz içine alýan “Aram guşaklygyň Turan çölleri” atly transmilli hödürnamasy taýýarlanyp, Bereketli Garagum we Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanalarynyň we Köýtendag ekoulgamyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi göz öňünde tutulýar. Olary baýlaşdyrmak, ylmy-barlag maglumat bilen üpjünçiligini artdyrmak we bu ugurda halkara tejribäni çekmek maksady bilen, ABŞ-nyň Uly landşaftlary goramak merkezi bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ýola goýuldy.
Elbet-de, bu işleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda alnyp barylýan ekologiýa diplomatiýasy arkaly halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeldýär hem-de ony sebitara, döwletara hyzmatdaşlyk ýollar arkaly has-da ösdürýär.
Şeýle hem, hormatly Prezidentimiziň goldaw bermeginde bu gurama bilen bilelikde durmuşa geçirilýän iri taslamalar halkara kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar we milli kanunymyzda öz binýadyny tapýar.
Türkmenistan häzirki wagtda “Ramsar” konwensiýasynyň agzasy bolmak bilen, suwly batgalyk ýerlerde ýaşaýan guşlaryň bioçägini gorap saklamak, ýagny, olaryň ýaşamagy we köpelmegi üçin zerur bolan şertleriň doly suratda goralyp saklanmagy bilen baglanyşykly zerur işleri ýola goýýar.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz ekologiýa arassalygy we daşky gurşawy goramak babatda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen konwensiýalara, maksatnamalara hem-de taslamalara işjeň gatnaşmak bilen, BMG-niň Ösüş maksatnamasy we Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ýewropa Ykdysady komissiýasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Bütindünýä banky hem-de beýleki halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň halkara konwensiýalar we maksatnamalar boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýändigini kepillendirýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasynyň, Çölleşmäge garşy göreş, Biologik dürlülik, Ozon gatlagyny goramak, Howply galyndylaryň serhetüsti daşalyşyna we çykarylyşyna gözegçilik etmek baradaky konwensiýalaryň we beýleki köpsanly halkara ylalaşyklaryň çäklerinde möhüm ähmiýetli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Bu işleriň ählisi 2012-nji ýylyň 20-22-nji iýuny aralygynda Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Rio-de-Žaneýro şäherinde BMG-niň Durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda, şeýle hem, Ýaponiýada geçirilen BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça III Bütindünýä maslahatynda we Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda döwlet Baştutanymyzyň ekologiýa we daşky gurşawy goramak babatynda durmuşa geçirýän syýasatynyň esaslarynyň mizemezdiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasy boldy.
Ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün edýän kanunçylyk binýady barha berkidilýär. Milli Liderimiziň başlangyçlary esasynda halkara kadalaryna laýyk gelýän birnäçe kanunlar we kodeksler kabul edilýär. Bu ugurda “Tebigaty goramak hakynda”, “Ekologiýa howpsuzlygy hakynda”, “Ekologiýa auditi hakynda”, şeýle hem, “Ekologiýa maglumatlary hakynda” we Türkmenistanyň beýleki ýöriteleşdirilen kanunlary hereket edýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň has-da berkemeginde, degişli ugurda alnyp barylýan yzygiderli işleri geçirmekde Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlary halkara derejesinde gyzgyn goldaw tapyp, ýurdumyzyň BMG bilen bilelikde alyp barýan işleriniň has-da ilerlemegine ýardam edýär.
Aýgözel ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň aspiranty.