KÄMIL BILIM - KÄMIL JEMGYÝET

   Dünýä ýüzünde bilimsizlige garşy göreşmek, kämil bilim ulgamyny döretmek we şonuň esasynda adamlaryň bilimli, sowatly bolmagyny, kämil jemgyýeti gazanmak BMG tarapyndan kabul edilen Durnukly Ösüş Maksatlarynyň esasy ugurlarynyň biri hasaplanýar. Häzirki wagtda Türkmenistan hem bu ulgam babatda birnäçe maksatnamalaýyn işleri alyp barýar.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda  bilim ulgamyny düýpli özgertmek, bu ugurda bir bitewi döwlet syýasatyny alyp barmak, ýaşlara berilýän bilim-terbiýäniň ýokary hilini üpjün etmek babatda uly aladalar edilýär. Munuň özi ýurdumyzyň «Bilim hakyndaky» Kanunyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmegiň döwletimizde ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny aýdyň görkezýär.

Ýurdumyzda bilim almak hukugynyň ähli adamlara kepillendirilmegi döwlet işiniň baş ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenýär. Esasy Kanunymyz bolan Konstitusiýamyzyň 55-nji maddasynda: «Her bir adamyň bilim almaga hukugy bardyr. Umumy orta bilim hökmanydyr, her bir adam ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almaga haklydyr. Döwlet her bir adam üçin öz ukyplaryna laýyklykda hünär biliminiň elýeterliligini üpjün edýär. Tölegli bilim beriş işini amala aşyrmaga kanunda bellenen esaslarda we tertipde ýol berilýär. Ähli bilim edaralary üçin hökmany bolan döwlet bilim standartlary bellenýär» diýlip görkezilýär. Kämil bilim ulgamyny döretmek jemgyýetiň çalt depginler bilen ösmeginiň esasy şerti bolup durýar. Şonuň üçin hem döwletimizde adamlaryň bilime bolan hukuklaryny doly durmuşa geçirmekleri üçin ähli zerur şertler, şol sanda kanuny kepillikler hem döredilýär.

Häzirki wagtda döwletimizde on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň hem-de tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň konsepsiýasynda göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda, bilim hem-de terbiýeçilik işlerine okatmagyň öňdebaryjy usullary, innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Bilim edaralarynyň resmi web-saýtlaryny we elektron resminama dolanyşygy ulgamyny döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Bu gün Türkmenistanda matematika, informatika, tebigy, takyk we ynsanperwer ylymlary, daşary ýurt dillerini, hususan-da, iňlis, rus, nemes, fransuz, italýan, hytaý, ýapon, koreý, arap, pars we türk dillerini öwrenmek ulgamynda ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň 184-si hereket edýär.

Bilim ulgamyna dünýä standartlaryny yzygiderli ornaşdyrýan Türkmenistan ynsanperwerlik ugry boýunça BMG we onuň ÝUNISEF, UNFPA, UNDP, ÝUNESKO ýaly düzümleri bilen özara gatnaşyklary ösdürýär. Bu ugurdan sanly bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi esasynda häzirki döwürde uzagara sapaklar, okuwlar, taýýarlyklar, konferensiýalar we ylalaşyklar amala aşyrylýar, maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Bu babatda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde «ÝUNESKO kafedralaryny» açmak baradaky giň gerimli işler munuň aýdyň nyşanydyr.

ÝUNESKO kafedralarynyň Bütindünýä Maksatnamasy (UNITWIN/UNESCO Chairs) 1991-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 26-njy mejlisiniň çözgüdi boýunça döredilip, häzirki wagtda 126 ýurtda 800-e golaý kafedrany özüne birleşdirýär.  ÝUNESKO kafedralaryny açmagyň esasy maksady bellenen ugur boýunça Durnukly Ösüş Maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, ýokary okuw mekdepleriniň hyzmatdaşlygyny üznüksiz ösdürmek we ylmy-barlaglary kämilleşdirmekden, durnukly ösüşde, ylymda, bilimde we medeniýetde öňdebaryjy netijeleri gazanmakdan ybaratdyr.

Ýurdumyzda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäklerinde, ähli pudaklary we olara döwlet tarapyndan dolandyryşy tehnologik taýdan kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz sanly ulgama erkin aralaşyp bilýän IT-pudakdan habarly hünärmenleri taýýarlamagy möhüm wezipe hökmünde kesgitledi. Munuň özi  Durnukly ösüş ulgamynyň esasy maksatlarynyň biri bolan bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakyndaky işleriň biziň döwletimizde esasy ugurlaryň biri hasaplanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin!

Eneş ATAJANOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.

Meňzeş habarlar