ERKIN GÖREŞIŇ AÝRATYNLYGY

Her bir adamyň durmuşynda az mukdarda bolsa-da sport bar. Çünki hereket sportdur. Häzirki wagtda sportuň dürli görnüşleri bolup, olaryň arasynda göreşe uly orun degişlidir. Biz şu gün okyjylara erkin göreş we onuň aýratynlyklary barada gürrüň bermegi makul bildik.

Erkin göreş sportuň gadymy görnüşi bolup, onuň taryhy onýyllyklary öz içine alýar. Bu sport ilki Angliýada döräp, soňra ýuwaş-ýuwaşdan Amerika ýaýrap başlaýar. 1904-nji ýylda bolsa, erkin göreş Olimpiýa oýunlarynyň düzümine girizilýär.

Soňra erkin göreş Türkiýede we Eýranda meşhur bolýar. Şol ýurtlarda pälwanlara aýratyn hormat goýulýar we sportuň erkin göreş görnüşi ýurtlaryň milli gymmatlygyna öwrülendir. Erkin göreş boýunça ýaryşlar ol ýurtlarda ýygy-ýygydan geçirilýär. Galyberse-de, erkin göreş gaty köp adamyň iň halaýan sport görnüşidir.

Göreş häzirki zaman adamlarynyň arasynda, esasanam, ýaşlaryň arasynda meşhurlyk gazanmagyny dowam etdirýär.

Erkin göreş hem beýleki sport görnüşleri ýaly ömrüň uzalmagyna, işjeňligiň, çydamlylygyň we erjelligiň ösmegine ýardam edýär. Erkin göreş garşydaşyň indiki etjek tilsimlerini öňünden çaklamak üçin güýçli ösen duýgurlygy talap edýär.

 

Taýýarlan Öwliýaguly MÄMMEDOW.