DEWISIŇ KUBOGY

Dewisiň kubogy erkeklerden düzülen milli ýygyndylaryň arasynda tennis boýunça geçirilýän iň uly halkara ýaryşdyr.

1899-njy ýylda Garward uniwersitetiniň talyplarynyň 4-si milli ýygyndylaryň gatnaşýan tennis ýaryşyny geçirmek teklibi bilen çykyş edýär. Ol talyplaryň biri Duaýt Dewis bolup, ol ýaryşy geçirmek boýunça meýilnama düzýär we ýeňiji üçin öz serişdeleriniň hasabyna kümüş kubok satyn alýar.

Ilkinji ýaryş 1900-nji ýylda Massaçusets ştatynyň Bruklin şäherinde geçirilýär. Oňa ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň toparlary gatnaşýar. Garaşylmadyk ýagdaýda ýeňiş gazanan ABŞ-nyň toparynda Dewisiň özi oýnap, ilkinji üç oýunda ýeňiş gazanmagy başarýar.

1945-nji ýylda Duaýt Dewis ölenden soň, Dewisiň kubogy halkara tennis ýaryşyna öwrülýär. Bu oýun 1979-njy ýyla çenli Garaşsyz guramaçylyk komiteti tarapyndan geçirilýär. Soňra ITF-niň guramaçylygynda geçirilip başlandy. 100 ýyllyk ýubileý ýaryşyna 129 ýurtdan milli ýygyndylar gatnaşdy.

«7/24.tm»