Ilkinji awtoulag ýaryşy 1894-nji ýylda Fransiýada geçirildi. Ýaryşyň şertine görä, awtosürüjiler uzaklygy 126 kilometr bolan Pariž – Ruan – Pariž ýol ugry boýunça bäsleşipdirler. Netijede ýüzden gowrak awtoulagdan diňe 21-sine dolanmak başardypdyr. Bu ýaryşyň ýeňijisi ýokary tizlik bilen däl-de, awtoulagyň pellehana çenli tehniki ýagdaýyna görä kesgitlenilipdir. Munda ilkinji baýrakly orunlary «Pežo» bilen «Panar» kysymly ulaglarynyň sürüjileri paýlaşypdyr.
Awtosportuň naýbaşysy hasaplanýan «Formula-1» özüniň bir asyrdan gowrak taryhynda uly özgerişleri başdan geçirdi. Ilkinji bäsleşikleriň döwründäki ulaglar bilen häzirkileri tizlik taýdanam, awtoulagyň tehniki enjamlaşdyrylyşy babatda hem asla deňär ýaly däl. Häzirki guralýan «Formula-1» ýaryşynda «bolidleri» dolandyrýan sürüjiler uly basyşa döz gelýärler. Ýokary tizlik netijesinde döreýän şeýle basyş zerarly sürüji ýaryşyň diňe bir tapgyrynda iki kilograma çenli agramyny ýitirip bilýär. Şeýle-de, ýaryşa tomaşa etmek hem ýeňil düşmeýär. Ýaryş başlanmazdan öň tomaşaçylar ýörite gulakdykylary bilen üpjün edilýär. Sebäbi reaktiw hereketlendirijileriň sesi adamyň gulagynyň gapylmagyna hem getirip bilýär.
«Formula-1» ýaryşynyň ussady Mihael Şumaher diňe bir awtoulagyň muşdagy bolman, futbolyň hem janköýeridir. Muny onuň futbol aýakgaplarynyň 100-den gowragyny kollekisýa etmeginden hem çen tutmak bolýar. M.Şumaheriň «Eçiçens» we «Obon» ýaly Şweýsariýanyň höwesjeňler toparlarynyň düzüminde çykyş edendigini hem bellemek gerek.
Taýýarlan Leýli KULIÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň mugallymy