TÜRKMENISTAN — ÝUNESKO: GATNAŞYKLARYŇ ÝOKARY DEREJESI

Garaşsyz döwletimizde medeniýetiň, edebiýatyňdyr sungatyň gülläp ösmegi üçin hem ähli şertler döredilip, milli mirasymyzy gorap saklamak, baýlaşdyrmak, ony giň köpçülige wagyz etmek boýunça uly gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň innowasion ösüş, sanlylaşdyrmak, öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryndan peýdalanmak ýoluna düşmegi bilen baglylykda, halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek we ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikler açylýar. Türkmenistanda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny işläp taýýarlamaga gönükdirilen dürli çäreler medeni-ynsanperwer ulgamda halkara gatnaşyklary berkitmegiň kepili bolup hyzmat edýär.  Türkmenistan 2011-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky Konwensiýasyna goşulan gününden bäri onuň iň işjeň agzalarynyň biridir. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi» türkmen milli aýdym we tans sungaty, türkmen milli halyçylyk sungaty, Nowruz baýramy girizilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Geljekde Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň bilelikdäki üç ýyllyk meýilnamasyna laýyklykda, ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň ählumumy ulgamyna Aşgabady «Dizaýn», Türkmenabady «Senetler we halk döredijiligi», Mary şäherini «Edebiýat» ugurlary boýunça girizmäge taýýarlyk görülmegi hem örän buýsandyryjydyr.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO-nyň klublary yzygiderli döredilýär. Muňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň medeniýeti», Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Parahatçylygyň dilleri» ady bilen döredilen ÝUNESKO-nyň klublary mysal bolup biler. ÝUNESKO-nyň klublarynyň döredilmeginiň esasy maksady ýaşlaryň arasynda döredijilik gözleglerini höweslendirmekden, olaryň ýurduň medeni gymmatlyklary we däp-dessurlary baradaky bilimlerini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Klublaryň esasy wezipeleri medeniýetara aragatnaşygy, beýleki medeniýetlere hormat goýmagy, medeni we taryhy mirasy gorap saklamagy we daşky gurşawy goramagy öz içine alýar.

 

Batyrmuhammet ORAZOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň II ýyl talyby.

Meňzeş habarlar