TÜRKMENISTAN ISU-NYŇ DOLY HUKUKLY AGZALYGYNA KABUL EDILDI

Türkmenistan Konkide typmak boýunça halkara birleşigiň (ISU) doly hukukly agzasy boldy. Bu barada «Inside the Games» saýty habar berdi.

Bu karar ISU-nyň Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen geňeşinde alyndy.

Birleşige Türkmenistandan wekil hökmünde Sportuň gyşky görnüşleri boýunça milli merkezi hasaba alyndy. Bu hukuk merkeze ISU-nyň geňeşlerinde ses bermek, iri halkara ýaryşlaryna gatnaşmak mümkinçiligini berýär. Biziň ýurdumyz 2019-njy ýyldan bäri bu guramanyň assosirlenen agzasydy.

Sportuň figuralaýyn typmak, konkide typmak we şort-trek görnüşleri boýunça iň iri halkara gurama bolup durýan ISU iri ýaryşlary geçirip, olar baradaky düzgünnamalary kabul edýär. Häzir 80 döwlet bu birleşigiň agzasydyr.

 

turkmenportal.com

Öňki makala

SUW AEROBIKASY