Küşt oýny birbada köpler üçin onçakly gyzykly görünmese-de, onda hemmeleriň ünsüni çekýän täsinlikler az däl.
Küşt oýnunda şa ilkibada onçakly işjeň bolman, diňe diagonallygyna ýeke öýjükden göçüm edip bilipdir. Bu ýagdaý ispan şa zenany Izabellanyň (1451 – 1504) Ýewropadaky iň kuwwatly hökümdarlaryň birine öwrülmegi bilen üýtgäpdir.
Turuwbaşdan, küşt döwleri sagatsyz oýnalypdyr. Şonda oýunlar birnäçe sagada, hatda güne çenli uzap, küştçiler örän ýadapdyrlar. Ahyrsoňy, 1851-nji ýylda geçirilen küşt ýaryşynda oýunçylaryň uklap galandyklary sebäpli döw tamamlanman galypdyr. Şondan bir ýyl soň halkara ýaryşlarda çägeli sagadyň kömegi bilen ölçenýän wagt çäklendirmesi girizilipdir. 1883-nji ýylda bolsa britaniýaly Tomas Uilson tarapyndan döredilen mehaniki küşt sagatlary ulanylyp başlanýar.
KÜŞTDE GROSSMEÝSTER DEREJESINI ALMAK ÜÇIN BIRNÄÇE ŞERT GEREK:
Küşt bilen mümkin boldugyndan ir, çagalyk döwründe meşgullanyp başlamaly. Bu oýun bilen 5-8 ýaşlarynda meşgullanyp başlan çagalaryň gelejekde üstünlik gazanmak mümkinçilikleri ýokarydyr. Sebäbi şol ýaşda beýni küşt sungatynyň islendik algoritmlerini özüne siňdirmäge ukyplydyr.
Öz başarnygyňy her gün kämilleşdirmäge taýýar bolmaly. Sebäbi ussatlyga uzaýan ýol zähmeti hem tutanýerliligi talap edýär.
Ussady halypa tutunyp, öwrenmegiň netijeli maksatnamasyny düzmek hem geljekki üstünlikleriň möhüm şertidir.
Üç grossmeýster utugyny gazanmaly. Ýagny dürli ýurtlardan bolan grossmeýsterleriň üçüsi bilen dürli ýaryşlarda oýnamak gerek.
Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) sanawynda goşulmaly.
Taýýarlan Hydyrguly TATOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we
sport institutynyň mugallymy.