Müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan türkmen göreşi edebi mirasymyzyň dürdäne eserleriniň süňňüne siňip, öz beýanyny tapypdyr. Türkmen halkynyň geçmişinden, köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli göreşimiz biçak uly ähmiýete eýe bolupdyr. Munuň şeýledigine biz edebi mirasymyza ser salanymyzda hem göz ýetirýäris. Halkymyzyň geçmişinde ençe asyrlaryň dowamynda dilden-dile geçip, biziň günlerimize gelip ýeten, türkmen halkynyň geçmişini, edim-gylymyny şöhlelendirýän «Görogly» şadessanyny okanymyzda göreşiň nähili ähmiýete eýe bolandygyny, halkymyzyň pälwanlara nähili hormat-sarpa goýanlygyny aýdyň görýäris.Türkmen milli göreşi taryhyň ähli döwürlerinde halk köpçüligi tarapyndan söýlüpdir. Hut şu sebäpli hem göreş tutýan adygan pälwanlara il içinde uly hormat goýlupdyr.
Häzirki wagtda hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda sportuň islendik görnüşi boýunça kämilleşmäge uly şert döredilýär. Men hem şol mümkinçiliklerden peýdalanyp, sapaklarymdan boş wagtlarymda şäherimizde ýerleşýän sport desgasynda göreş boýunça tälim alýaryn. Halypamyň öwredýän hereketlerini yzygider gaýtalap, öz deň-duşlarym bilen türgenleşik işlerini geçýärin. Ýaş türgenleriň arasyndaky göreş bäsleşigine gatnaşyp, bäsleşikde baýrakly orunlara mynasyp bolmagy başarýaryn. Gazanan ýeňşimde özüniň üstünligini görýän tälimçimiň ýüzündäki ýylgyryşy görmek maňa bolan ynamy ödäp bilendigimiň subutnamasy bolýar. Halypamyň maňa öwredýän usullaryny günde arman-ýadaman gaýtalap, barha kämilleşerin, «pälwan ýigit» diýen ady alyp, halypamy buýsandyraryn. Ýaş höwesjeňlere sportuň islendik görnüşi boýunça tälim almaga uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyş aýdýaryn.
Meýlis NAZAROW,
Gumdag şäheriniň 5-nji
orta mekdebiniň okuwçysy.