Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäde parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny, sporty ösdürmek, bütin adamzadyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin geljekde hem ähli tagallalary eder.
Biz döwletimiziň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleri doly peýdalanmak wezipesini öňde goýarys.
Biz geljekde hem Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek boýunça anyk çäreleri toplumlaýyn durmuşa geçirmegi dowam etdireris.
Mährem enelerimiziň ýagşylyk etmek, zähmeti söýmek, akýürekli bolmak, ululary sylamak hakyndaky öwüt-ündewleri, ýokary ahlakly, dogruçyl, watançy, zähmetsöýer nesilleri ýetişdirmekde bitirýän işleri edep we terbiýe mekdebidir.
Häzirki döwürde Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň netijesinde, kuwwatly pudaklar kemala gelýär we döwrebap kärhanalar gurulýar.
Adam baradaky alada döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugrudyr.
Biz bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýäris.
Geljegimiz bolan ýaşlaryň okap, zähmet çekip, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermegi üçin ähli şertleri mundan beýläk-de dörederis.
Ösüp gelýän nesilleri belent watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde, olarda ata Watana, halka, jemgyýete hem-de maşgala bolan belent söýgi we hormat duýgularyny döretmekde mähriban enelerimiziň hyzmaty örän uludyr.
Biz maşgala ojagyna wepaly, zähmetsöýer, edep-ekramyň nusgasy bolan enelerimize, gelin-gyzlarymyza guwanýarys.
Döwletimiz bazar gatnaşyklaryna geçmegi çaltlandyrmaga, hususan-da, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagyny çalt depginler bilen ösdürmäge uly üns berýär.
Ýaşlar Watanymyzyň güýji, kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegidir.
“Nesil” gazeti,
25.07.2019ý.