“Iň eýjejik gyzjagaz – 2019”

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Milli bahar baýramy mynasybetli

ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň

1-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlarynyň arasynda

geçirjek “Iň eýjejik gyzjagaz – 2019”

atly şadyýan bäsleşiginiň

DÜZGÜNNAMASY

Bäsleşigiň esasy maksady Hormatly Prezidentimiziň “Çagalar, siz berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli aýdym-saz sungatymyzyň ösmegine goşant goşmak üçin mydama döredijilik gözleglerinde bolmalysyňyz. Bilim – ukybyňyzy, zehiniňizi okuwda, aýdym-saz, sungat äleminde, çeper döredijilikde uly üstünlikleri gazanmaga gönükdirmelisiňiz we milli sungatymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmalysyňyz” diýen sargytlaryndan, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bagtyýar nesilleriniň bolelin durmuşda ýaşamagy, şadyýan, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, geljekde Watanymyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirýän beýik işlerinden, berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sungata, döredijilige bolan pikir-garaýyşlaryny ösdürmek, bilimlerini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasatymyzy iş ýüzünde durmuşa geçirmek, olaryň zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmakdan ybaratdyr.

Bäsleşige ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriň 1-4-nji synplarynda okaýan, ozal “Iň eýjejik gyzjagaz” bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda ýeňiji bolmadyk okuwçy gyzlar gatnaşyp bilerler.

I. Bäsleşigiň geçiş tertibi:

Bäsleşik ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde, etraplarda, şäherlerde, soňra bolsa welaýatlarda we Aşgabat şäherinde geçirilýär. Welaýatlaryň hersinden we Aşgabat şäherinden 1-2-nji orny eýelän 2 (iki) sany gyzjagaz paýtagtymyzda geçiriljek jemleýji bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazanar.

Şadyýan bäsleşik şu aşakdaky tertipde dört tapgyrda geçiriler:

birinji tapgyr 2019-njy ýylyň ýanwar aýynyň 25-den fewral aýynyň 6-sy   aralygynda orta mekdeplerde;
ikinji tapgyra mekdep bäsleşiginde 1-2-nji orunlary eýelän ýeňijiler gatnaşarlar. Bu tapgyr fewral aýynyň 11-den 20-si aralygynda etraplarda, şäherlerde;
üçünji tapgyra etrap, şäher tapgyrlarynda 1-2-nji orunlary eýelän ýeňijiler gatnaşarlar. Bu tapgyr fewral aýynyň 25-den mart aýynyň 6-sy aralygynda welaýatlarda we Aşgabat şäherinde;   
jemleýji tapgyra welaýat we Aşgabat şäher tapgyrynda 1-2-nji orunlary eýelän ýeňiji gyzjagazlar gatnaşmaga hukuk gazanarlar. Bu tapgyr 2019-njy ýylyň mart aýynyň 15-den 20-si aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriler. 

II. Bäsleşigiň şertleri:

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan tutumly işleri, eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyşy ýerine ýetirmeli               (3-4 minut).

Bäsleşige gatnaşýan gyzjagazlar milli egin-eşiklerini geýip, ony şahyrana sözler bilen wasp etmeli (3 minut).
Eminler tarapyndan ýaş aýratynlygyna görä taýýarlanan goşgulary çeper okamakda bäsleşmeli.   

III. Bäsleşige gerekli resminamalar:

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat we Aşgabat şäher Geňeşleriniň mejlisleriniň bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynyň ýeňijileri baradaky Kararlary, ýeňiji bolan gyzjagazlar barada şu aşakdaky görnüşde resminamalary (2 nusgada) Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşine 2019-njy ýylyň mart aýynyň 11-ine çenli tabşyrmaly:

Maglumat (görnüş №1, görnüş №2);  
Dogluş hakyndaky şahadatnamanyň göçürmesi;  
3х4 ölçegdäki 6 sany we 9х12 ölçegdäki 2 sany surat;  
Okaýan mekdebinden kepilnama;  

“Iň eýjejik gyzjagaz – 2019” atly şadyýan bäsleşigine gatnaşyjylara mynasyp baha bermek üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň tanymal medeniýet we sungat işgärlerinden ybarat eminler topary döredilýär. Eminler eýjejik gyzjagazlaryň her bir çykyşy üçin 5 (bäş) bahaly ulgamdan peýdalanyp, baha goýýarlar we şol bahalary goşmak arkaly soňky netijäni çykarýarlar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda Baş baýrak we 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlar bellenilýär. Emin agzalarynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr.

Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň adyndan Diplomlary we sowgatlary, işjeň gatnaşan eýjejik gyzjagazlara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-88-80; 44-88-79;

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 44-86-40