20-nji iýulda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde «Saglyk — 2019» atly halkara sergisi açyldy, onuň çäklerinde lukmançylyk ulgamyny ösdürmegiň meseleleri boýunça ylmy maslahat geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz ilatyň saglygyny ähli zatdan ileri goýup, «Il saglygy — ýurt baýlygy!» diýen şygara beslenýän beýik işleri durmuşa geçirýär. «Saglyk» döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we ornaşdyrmak, adamyň saglygyny pugtalandyrmak, keselleriň öňüni almak, ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatynyň hilini kämilleşdirmäge gönükdirilen çäreleri amala aşyrmak babatdaky işler döwlet syýasatynda ileri tutulýan orny eýeleýär. Milli Liderimiziň başyny başlan we üstünlikli durmuşa geçirilýän saglygy goraýyş ulgamyndaky özgertmeleri dünýä jemgyýetçiliginiň iri halkara we sebit guramalarynyň hem-de düzümleriniň uly gyzyklanmasyna we ýokary bahasyna eýe bolýar.
«Saglyk — 2019» atly halkara sergide ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň edaralary hem-de kärhanalary bilen bir hatarda, Ýewropanyň, Amerikanyň we Aziýanyň ýurtlaryndan kompaniýalaryň iki ýüz onusy öz önümlerini görkezdiler. Şol sanda kompaniýalaryň 21-si sergide öz harytlaryny ilkinji gezek görkezdi. Giň gerimli sergi barlaghana we anyklaýyş enjamlary, lukmançylyk gurallary hem-de serişdeleri, optika hem-de oftalmologiýa, reanimasiýa, intensiw terapiýa we anesteziýa, enäniň hem-de çaganyň saglygyny goramak, stomatologiýa ugurlaryny öz içine alýar.
Serginiň çäklerinde täze neşiriň — ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramçylygynyň öň ýanynda neşir edilen, Türkmenistanyň Prezidenti, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly işiniň 11-nji jildiniň tanyşdyryş dabarasy boldy. Dünýäniň dürli dillerinde ençeme nusgalarda çap edilen dermanlyk ösümlik we halk tebipçilik ensiklopediýasynyň ozalky kitaplary millionlarça daşary ýurtly okyjylaryň baýlygyna öwrülip, türkmen halkynyň köpasyrlyk durmuş tejribesi we däpleri bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçiligi peşgeş berdi.
Tanyşdyryş dabarasynda bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň ylmy işi ýurdumyzyň diňe derman senagaty ylmyny däl-de, eýsem, dünýäniň fitoterapiýasyny ösdürmäge hem uly goşandyny goşdy. Elbetde, täze neşir lukmançylyk işinde asyrlar dowam edip gelýän däpleri hem-de döwrebap innowasiýalary utgaşdyrmak bilen bir hatarda, tebigy çig maldan ýokary netijeli dermanlyk serişdelerini döretmek boýunça işe itergi berer. Hut şu ýörelge döwlet Baştutanymyz tarapyndan Türkmenistanyň derman senagatyny ösdürmegiň esasynda goýuldy, onuň önümleriniň sanawynda ýüzlerçe görnüşi bolup, olar häzir dünýä ýüzündäki bäsdeşleri bilen mynasyp bäsleşip bilýärler. Olaryň onlarça görnüşi ilat arasynda uly islegden peýdalanýan ýerli dermanlyk otlary, melhemlik ösümlikleriň kökleri we miweleri bolup durýar. Olaryň sanawy milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde yzygiderli artýar.
Günüň ikinji ýarymynda «Saglyk — 2019» atly halkara ylmy maslahatyň umumy mejlisi geçirildi. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanyp, her ýyl geçirilýän foruma dünýäniň onlarça ýurdundan wekiller, şol sanda görnükli alymlar hem-de lukmanlar gatnaşdylar.
Maslahatyň başynda Milli immunizasiýa maksatnamasy arkaly ýurdumyzda çagalara sanjym etmegiň ýokary görkezijilerini goldamak ugrunda çykyş edýändigi üçin Türkmenistanyň Hökümetine ÝUNISEF-niň güwänamasyny gowşurmak dabarasy boldy. ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky hemişelik wekili Kristin Waýgand dabarada çykyş edip, degişli sylagy gowşurdy. Türkmenistanyň sanjym işine durnukly we yzygiderli maýa goýumlary — bu enäniň we çaganyň saglygyny berkitmek üçin anyk ädimlerdir. Ýurdumyzda poliomielitiň ýok edilmegi uly üstünlikleriň biri bolup durýar. Her ýyl bir ýaşa çenli çagalaryň 110 müňe golaýyna ýokanç kesellerden goramak üçin sanjym geçirilýär. Halkara bilermenler tarapyndan geçirilen garaşsyz barlagyň netijeleri çagalara sanjym etmegiň 95 göterim derejede gurşalyp alnandygyna hem-de olaryň abadançylygynyň beýleki möhüm görkezijilerine şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de Russiýa Federasiýasynyň we Ysraýyl döwletiniň degişli edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada resminamalara gol çekilmegi halkara forumyň birinji gününiň möhüm wakasy boldy.
«Saglyk — 2019» halkara ylmy maslahatyň maksatnamasy iç keselleri, hirurgiýa, kosmetologiýa, kardiologiýa we kardiohirurgiýa, trawmatologiýa hem-de ortopediýa, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, onkologiýa, göz keselleri, stomatologiýa, saglyk çeşmesi ýaly tebigy serişdeleri, lukmançylygyň täze tehnologiýalary hem-de sport lukmançylygy, maşgala lukmançylygy we jemgyýetçilik saglygy, arassaçylyk hem-de epidemiologiýa ugurlary boýunça mejlisleri öz içine aldy.
21-nji iýulda agşam foruma gatnaşyjylar Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Aşgabat» medeni-dynç alyş merkezinde sungat ussatlarynyň we tans toparlarynyň baýramçylyk konsertine tomaşa etdiler. Baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde türkmen lukmanlaryny sylaglamak dabarasy boldy, olara hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Türkmenistanyň halk lukmany» diýen hormatly at dakyldy.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda biziň döwletimiz dünýä derejesinde sagdynlygy hem-de abadançylygy üpjün etmek, adamlaryň saglygyny, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşini gazanmak, daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamak, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek meselelerinde möhüm başlangyçlary öňe sürýär, bu ugurda halkara tagallalaryny goldaýar. Adamy, onuň abadançylygyny, mynasyp durmuş derejesini üpjün etmegi baş maksat edinýän ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda barha rowaçlanýar.
“Nesil” gazeti,
23.07.2019ý.