«SAGLYK — 2019» ATLY HALKARA SERGISINE WE YL­MY MAS­LA­HA­TY­NA GAT­NA­ŞY­JY­LA­RA

Hormatly halkara sergisine we yl­my mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­lar!

Eziz wa­tan­daş­lar!

Ga­dyr­ly myh­man­lar!

Sizi «Saglyk — 2019» atly halkara ser­gi­si­niň we yl­my mas­la­ha­ty­nyň öz işi­ne baş­la­ma­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn!

«Türk­me­nis­tan — ro­waç­lygyň Wa­ta­ny» diý­lip yg­lan edi­len 2019-njy ýyl­da Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­nüni da­şa­ry ýurt­ly myh­man­la­ry­myz bilen da­ba­ra­ly bel­le­mek gu­wan­dy­ry­jy wa­ka­dyr.

Ýur­du­myz­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny ös­dür­mek­de, ila­tyň sagly­gy­ny go­ra­mak­da uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­dy. Siz hal­ka­ra ser­gi­si­niň we yl­my mas­la­ha­ty­nyň me­ýil­na­ma­synyň çäk­le­rin­de ra­ýat­la­ry­my­zyň sagly­gy­ny go­ra­mak­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, hä­zir­ki za­man usul­la­ry­nyň or­naş­dy­ry­ly­şy, yl­my luk­man­çy­ly­gyň ga­za­nan­la­ry bi­len ýa­kyn­dan tan­şar­sy­ňyz. Bu bolsa, luk­man­çy­lyk yl­my­ny we bi­li­mi­ni kä­mil­leş­dir­mek­de öza­ra tej­ri­be alyşma­ga ýar­dam be­rer.

Biz Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­tyýar­lyk döw­rün­de sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ry­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni neti­je­li ulan­mak we in­no­wa­sion ugurla­ra gö­nük­dir­mek bo­ýun­ça tu­tum­ly iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­me­gi do­wam edýä­ris.

Ýur­du­myz­da «Sag­lyk» döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň esa­sy we­zi­pesi bo­lan yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak, adam­la­ryň öm­rü­ni uzalt­mak, kesel­le­riň öňü­ni al­mak, luk­man­çy­lyk yl­my­ny ös­dür­mek, köp­çü­lik­le­ýin bedenterbiýe-sagaldyş he­re­ke­ti­ni, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni iş­jeňleş­dir­mek ba­bat­da ze­rur şert­le­ri döret­dik. «Döw­let adam üçin­dir!» diýen ýö­rel­gä­mi­ze la­ýyk­lyk­da, köp möç­ber­de ma­ýa go­ýum­la­ry­ny özleş­di­rip, paý­tag­ty­myz­da hem-de se­bit­ler­de ýö­ri­te­leş­di­ri­len ke­sel­le­ri anyklaýyş-bejeriş  mer­kez­le­ri­ni, hassa­ha­na­la­ry, şy­pa­ha­na­la­ry, der­man we sag­lyk mak­sat­ly se­riş­de­le­ri öndür­ýän kär­ha­na­la­ry işe gi­riz­dik.

Sag­dyn­lyk, ru­hu­be­lent­lik, bag­tyýar­lyk hal­ky­my­zyň ga­dy­my dö­würler­den göz­baş alyp gaýd­ýan dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­dir. Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň il­kin­ji ýyl­la­ryn­da asyr­la­ryň sy­nagyn­dan ge­çen asyl­ly däp­le­ri­mi­ze eýe­rip, yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni or­naşdyr­mak, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myny düýp­li öz­gert­mek hem-de dünýä tej­ri­be­le­ri esa­syn­da yzy­gi­der­li ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len, uly iş­le­re ba­dal­ga ber­dik. 1995-nji ýyl­da «Saglyk» döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny ka­bul et­mek bi­len, mil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň uzak­möh­let­le­ýin ösüş ýol­la­ry­ny, mak­sat­la­ry­ny we we­zi­pele­ri­ni kes­git­le­dik. Ge­çen 24 ýy­lyň dowa­myn­da bu Mak­sat­na­ma­nyň tapgyrma-tapgyr dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my ke­ma­la gel­di.

Bi­ziň ýur­du­myz dün­ýä de­re­jesin­de sag­dyn­ly­gy we aba­dan­çy­ly­gy üp­jün et­mek, adam­la­ryň sag­ly­gyny, be­den we ru­hy taý­dan saz­la­şykly ösü­şi­ni ga­zan­mak, daş­ky gur­şawyň aras­sa­ly­gy­ny go­rap sak­la­mak, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny kä­milleş­dir­mek ýa­ly me­se­le­ler­de Bü­tindün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­masy­nyň, Ça­ga­lar gaz­na­sy­nyň, Ilat gaz­na­sy­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş, ilat we ösüş ug­run­da­ky umu­my strate­gi­ýa­la­ry­ny gol­da­ýar. Bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry­dyr mak­sat­na­ma­la­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýär hemde bu ugur­da mö­hüm baş­lan­gyç­lary öňe sür­ýär.

Hor­mat­ly adam­lar!

«Türk­me­nis­tan — ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny» diý­lip yg­lan edi­len ýyl­da hem ýur­du­myz­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny ös­dür­mek­de we ra­ýat­lary­my­zyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak­da uly üs­tün­lik­ler ga­za­ny­lyp, be­lent sep­gitle­re ýe­til­ýär. Bu üs­tün­lik­ler dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi we hal­ka­ra gu­ra­mala­ry ta­ra­pyn­dan yk­rar edil­ýär. Dünýä­niň ösen döw­let­le­ri bi­len tej­ri­be alyş­mak bo­ýun­ça ýo­la goý­lan öza­ra bäh­bit­li iş­le­riň ne­ti­je­sin­de, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­na ke­sel­le­riň öňüni al­mak, anyk­la­mak we be­jer­mek bo­ýun­ça kä­mil usul­la­r ne­ti­je­li ornaş­dy­ryl­ýar. Bu bol­sa, luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň hi­li­ni düýp­li ýo­karlan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär.

San­ly sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň hem berk bin­ýa­dy dö­re­di­lip,  te­le­lukman­çy­lyk hyz­mat­la­ry ýo­la go­ýul­ýar. Aş­ga­bat şä­he­rin­de, we­la­ýat we et­rap mer­kez­le­ri­miz­de, oba­la­ry­myz­da stadion­la­ryň, iri sport top­lum­la­ry­nyň, se­ýil­gäh­le­riň gur­lup, sag­dyn ýaşaýyş-durmuş ýö­rel­ge­le­ri­ni or­naş­dyrmak we eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny ber­jaý et­mek bo­ýun­ça uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ge­çi­ril­ýän bu iş­ler bi­ziň baş mak­sa­dy­my­zyň adam we onuň bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy bolup dur­ýan­dy­gy­ny ýe­ne-de bir gezek su­but ed­ýär.

Siz hal­ka­ra ser­gi­si­niň we yl­my mas­la­ha­ty­nyň do­wa­myn­da ýur­dumy­zyň Hal­ka­ra sag­ly­gy go­ra­ýyş mer­kez­le­ri­ne, döw­re­bap or­ta we ýoka­ry okuw mek­dep­le­ri­ne, ylmy-kliniki mer­kez­le­ri­ne ba­ryp gö­rer­si­ňiz hem-de olar­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bi­len ýa­kyn­dan tan­şar­sy­ňyz.

Hormatly halkara sergisine we yl­my mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­lar!

Ga­dyr­ly myh­man­lar!

Si­zi «Sag­lyk — 2019» at­ly hal­kara ser­gi­si­niň we yl­my mas­la­ha­ty­nyň öz işi­ne baş­la­ma­gy bi­len ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn! Bu ser­gi­niň we yl­my mas­la­ha­tyň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ni döw­le­ti­mi­ziň sag­lygy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da ga­za­nan üstün­lik­le­ri bi­len ta­nyş­dyr­mak­da, özara tej­ri­be alyş­mak­da uly äh­mi­ýe­ti­niň bol­jak­dy­gy­na berk ynan­ýa­ryn.

Si­ze berk jan sag­lyk, uzak ömür, eg­sil­mez bagt, yn­san sag­ly­gy­ny gora­mak ýa­ly asyl­ly işi­ňiz­de, yl­my açyş­la­ry­ňyz­da uly üs­tün­lik­le­ri arzuw ed­ýä­rin!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

“Nesil” gazeti,

20.07.2019ý.