2022-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşi tarapyndan, Saýat etrabyndaky 20-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 3-5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň arasynda yglan edilen «Merdana nesil-2022» atly şadyýan bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi.
Bäsleşigiň şertine laýyklykda 1-nji orna Saýat etrabyndaky 12-nji orta mekdebiniň okuwçysy Babajan Şatlykow, 2-nji orna 26-njy orta mekdebiniň okuwçysy Mukam Halmyradow, 3-nji orna bolsa 36-njy orta mekdebiniň okuwçysy Sahy Atakow, 11-nji orta mekdebiniň okuwçysy Alihan Çaryýew, 18-nji orta mekdebiniň okuwçysy Yhlas Bekmyradow dagylar mynasyp boldular.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Gülşirin REJEPOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Saýat etrap Geňeşiniň başlygy.