SAGDYN NESILLERIŇ GORAGYNDA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän tutumly başlangyçlarynyň esasy maksady sagdyn, giň dünýägaraýyşly ýokary tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän, ahlak taýdan arassa, ylymly, bilimli ýaşlary ýetişdirmeklige gönükdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýişi ýaly, bagtyýar geljegimiziň girewi bolan ruhubelent, ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlary terbiýelemek biziň baş maksadymyzdyr. Bu aýdylanlar ýurdumyzda ýaşlar baradaky aladanyň örän ýokary derejede bolmalydygyny kesgitleýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlar babatynda alnyp barylýan işler has-da kämilleşdirilýär we giň gerime eýe bolýar. Ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň esasy güýji, bagtyýar geljegimiziň dowamaty bolan ýaşlar baradaky alnyp barylýan syýasatymyzy maksatnamalaýyn durmuşa geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklary bu günki gün giň gerim bilen durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň geçirýän her bir mejlisinde ata-watanymyzy durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri bilen birlikde ýaş nesli ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgelerine laýyk, watançylyk ruhunda terbiýelemek meselelerine aýratyn üns berýär. Sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz-nesihat etmek barada biziň öňümizde uly wezipeleri goýýar. Bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhubelentligi her bir raýatyň kalbynda duýulýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň bady barha batlanýar.

Şu nukdaýnazardan, ýaşlarymyzyň saglygyny goramak, olary bedenterbiýe we köpçülikleýin sporta çekmek işlerini yzygiderli üns berilýändigini bellemelidiris. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlar bilen geçirilýän sagdyn durmuş ýörelgeleriň kemala getirilmegine bagyşlanan işleriň kämilleşdirilmegi ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli işleriň möhüm ugry bolup durýar. Ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgesiniň üpjün edilmegi ýurduň geljekki ösüşlerini kepillendirmekde möhüm görkezijileriniň biri hasaplanýar. Sagdyn raýat islendik jemgyýetde gymmatly baýlykdyr. Ýurdumyzyň bilim terbiýeçilik we hünär işini guraýan edaralarynda esasy meseleler ýaşlaryň saglygyny goramakdan ybarat bolup, oňa durmuş-ykdysady, lukmançylyk we sport çäreleriniň toplumy degişlidir. Bulardan başga-da, olar bilen şahsy arassaçylyk düzgünleriniň berk berjaý edilmegi, giň gerime eýe bolýar. Türkmen halkynyň saglygy üçin yzygiderli alada edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak tutýan tutumly işleri rowaç alsyn.

 

Maral HUDAÝKULYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Saýat etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň

Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Öňki makala

AK ALTYNLAR HARMANDA

Indiki makala

MERDANA NESIL – 2022

Meňzeş habarlar