Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ýurdumyzyň oba hojalygyny okgunly ösdürmekde, oba senagat toplumyny döwrebaplaşdyrmakda, oba hojalyk önümleriniň öndürilişini we gaýtadan işlenilişini yzygiderli artdyrmakda we ýaşaýyş-durmuşyň möhüm şerti bolan azyk bolçulygyny döretmekde möhüm tagallalar, tutumly maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda oba hojalyk pudagynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda düýpli özgertmeler bolup geçýär. Pagta ýygymynyň gyzgalaňly dowam edýän döwründe bereketli türkmen topragynda ýetişdirilen “ak altyny” isripsiz ýygnap almak oba hojalyk işgärleriniň öňünde duran esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Golaýda, Saýat etrabynyň Jeňňel geňeşliginde pagtaçy-kärendeçileriň arasynda medeni dynç alyş aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlary dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Jemgyýetçilik guramalar tarapyndan pagtaçy kärendeçilere, mehanizatorlara, öňdebaryjylara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Ata Watanymyza, agzybir halkymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza bolan buýsanç söýgä, wepalylyga beslemek bilen agzybirlikde Watanymyzyň abraý-mertebesiniň belende göterýändigini guwançly wasp etdiler.
Maral HUDAÝGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Saýat etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň
Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.