AMYDERÝA GORAGHANASYNYŇ TÄSINLIKLERI

«Amyderýa» döwlet tebigy goraghanasy 1982-nji ýylyň maý aýynda derýa boýundaky toraňňy tokaýlaryň we beýleki agaçlaryň çapylyp zaýalanmagynyň hem-de tokaý sugunlaryny gorap saklamak, olaryň baş sanyny artdyrmak maksady bilen döredildi. Goraghana Lebap welaýatynyň Farap, Dänew we Darganata etraplarynyň çäklerinde ýerleşýär. Onuň düzümine Gabakly, Nargyz we Görelde meýdançalary hem-de Kelif döwlet tebigy çäkli goraghanasy girýär. Häzirki wagtda goraghananyň meýdany 48350 gektardyr.

Goraghananyň çöl we tokaý ulgamlarynda ösümlikleriň 227, süýdemdirijileriň 42, süýrenijileriň 28, ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 2 we guşlaryň 265-den gowrak görnüşi duş gelýär. Ylmy maglumatlara görä, XII – XIV asyrlarda Amyderýanyň, Syrderýanyň, Murgap we Tejen derýalarynyň boýlaryndaky jülgelerde sugunlar süri bolup ýaşapdyrlar. Tebigatyň bu täsin jandarynyň köpçülikleýin awlanmagy netijesinde, olar Amyderýanyň boýunda hem ýitip ýok bolupdyr. XIX asyryň soňky ýyllarynda, derýa boýunyň haýwanat dünýäsi barada aladalanyp, Darganata etrabynyň çägindäki jeňňelliklere ýaş sugunlary goýberipdirler. Sugunlaryň goragyny güýçlendirmek, baş sanyny köpeltmek maksady bilen, 1941-nji ýylda Darganata goraghanasy döredilipdir.

Umuman, bu goraghananyň döredilmegi tokaýlaryň ösümlik baýlygynyň artmagyny, sugunlaryň goralmagyny, olaryň köpelmegini üpjün edipdir.

 

Arzuw ÖWEZMURADOWA,

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň

23-nji orta orta mekdebiniň mugallymy,

Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar