Hormatly Prezidentimiz ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli bolmagy ugrunda uly aladalar edýär. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrülen eziz Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň sport bilen meşgullanmagy, saglyklaryny berkitmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşi, etrap Bedenterbiýe we sport baradaky komiteti bilen bilelikde gurnamagynda etrabyň 1-nji sport mekdebinde sport mekdebine gatnaýan ýaş oglanlaryň arasynda «Sport – sagdynlygyň gözbaşy» ady bilen sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi.
Bäsleşige gatnaşýan ýaş oglanlar öz aralarynda toparlara bölünip bäsleşdiler. Netijede geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan topara we oňa işjeň gatnaşanlara
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Gülşirin MAMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Lebap welaýatynyň Köýtendag
etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.