TÜRKMEN ALABAÝY-EDERMEN GORAGÇY WE WEPALY DOST

2022-nji ýylyñ 26-njy oktýabrynda Lebap welaýat häkimligi we Türkmenistanyñ Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat, şäher we etrap geňeşleriniň bilelikde gurnamagynda «Türkmen alabaýy – edermen goragçy we wepaly dost» atly medeni çäre we sergiler guraldy. Bu çäräniň esasy mowzugy täsin it tohumyna – milli medeniýetiň aýrylmaz bölegi bolup duran türkmen alabaý itlerine we aw tazysyna bagyşlanýar.

Gorky-ürkini bilmeýän namysjaň goragçy – türkmen alabaýy itleriň iň gadymy tohumlaryndan biri hasaplanýar, onuň ýaşy takmynan 3 müňden 6 müň ýyla çenlidir. Daşky görnüşiniň gadymy ata-babalarymyzyň döwründäkisinden üýtgemän, asyl görnüşinde şu güne çenli saklanyp galmagy türkmen alabaýynyň tohumynyň özboluşlylygynyň şertidir. Hormatly Arkadagymyzyñ «Türkmen alabaýy» kitabynda: «…Öýünden uzaga ryskyny idäp giden kişilere bedewi ýoldaş bolupdyr, olaryň öýüniň goragçysy bolsa, wepaly alabaýlary. Käteler obada zenan maşgalalar, oglan-uşaklar galýarlar. Şonda syrgyndan çete çykyp, gelip-geçene ünsli nazar salyp oturan alabaýy bolan oba del aýak sekmeýär» diýilýär.

Türkmen topragynda döräp müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşip, it tohumlarynyň naýbaşy hasaplanýan türkmen alabaýy halkymyzyň milli gymmatlygydyr. Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň başlangyjy bilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi, türkmen itşynaslarynyň ýeten belent derejesini bu gün dünýä mälim edýär. Müňlerçe ýyllyk taryhymyzy öwrenmekde, milli gymmatlyklarymyza eýe çykmakda, olary gözümiziň göreji ýaly gorap saklamakda we ony geljekki nesillere ýetirmekde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň bitiren işlerini hiç bir zat bilen ölçäp bolmaz. Bu barada milli Liderimiz: «Alabaý — biziň milli buýsanjymyz. Alabaý — biziň Watanymyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyz» diýip, nygtamak bilen ýurdumyzyň her bir milli gymmatlyklary ýaş nesilleriň durmuşynda möhüm ornunyň bardygyny tekrarlaýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 27-nji dekabrynda gol çeken resminamasyna laýyklykda, Türkmen alabaýynyň baýramy her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilip geçilýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen edara binasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredildi.

Munuň özi, türkmen alabaýlaryň türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny subut etdi.

 

Azat AMANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň

Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar