“SAGLYK – ÖMRÜŇ BAGTY”

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşi tarapyndan “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ýaşlaryň gatnaşmaklarynda ruhubelent, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak höweslerini artdyrmak maksady bilen Halaç etrabynyň 3-nji sport mekdebinde etrabyň birinjiligini almak adyny almak ugrunda orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda  “Saglyk-ömrüň bagty” atly sportuň “Woleýbol” görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde I, II, III orna eýe bolan okuwçy toparlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Gözel AMANSÄHEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar