BEÝIK MAKSATLY ÝAŞLAR

Golaýda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap bilim bölüminde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda ýaş hünärmenleriň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ýaşlar baradaky döwlet syýasatyna bagyşlap “Beýik maksatly ýaşlar” ady bilen söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň ugurlary, ähmiýeti, şol esasda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlara ähli taraplaýyn goldaw berilýändigi, ýaşlaryň ýurdumyzda durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin zerur bolan amatly mümkinçilikleriň döredilýändigi hakynda çykyşlar edildi.

Söhbetdeşlik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek, ýaş nesli watançylyk, ynsanperwerlik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ergeş ABDYRAHMANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Hojambaz etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar