TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – DEMOKRATIÝANYŇ MILLI NUSGASY

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher komitetiniň hem-de Lebap welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda Lebap welaýat kitaphanasynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty – Demokratiýanyň milli nusgasy» ady bilen maslahat duşuşugy gurnaldy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi hem-de alnyp barylýan işleriniň taryhy, syýasy we jemgyýetçilik ähmiýetini beýan etdiler. Şeýle-de ýurdumyzda döwletimizi we jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny giňeltmek, halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak babatda düýpli amala aşyrylýan özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigi hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.

Maslahatyň ahyrynda gatnaşyjylar halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan, ýaşlara nusgalyk ýol görkezýän, olaryň watansöýüji, zähmetsöýer, maksada okgunly, ruhubelent we päk ahlakly, ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Narif BABAKULYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň

Türkmenabat şäher Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Öňki makala

BEÝIK MAKSATLY ÝAŞLAR

Meňzeş habarlar