Bilşimiz ýaly, Lebap welaýatymyzyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwaly geçirildi. Welaýatymyzyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde 35 müňden gowrak sergi önümleri saklanyp,şolaryň köp bölegi ýurdumyzyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklary bolup durýar.Olaryň hatarynda amaly-haşam sungatynyň hünärmentçilik işleriniň gadymy nusgalary bar. Diňe soňky ýyllarda köp sanly etnografik tapyndylar gadymy Amul galasynda geçirilen möwsümleýin gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda ýüze çykarlan arheologik tapyndylaryň 100-den gowragy muzeýiň gaznasynyň üstüni ýetirdi.Bu halkara festiwalda ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan, şeýle-de Eýrandan, Türkiýeden, Gazagystandan, Özbegistandan, Koreýa Respublikasyndan, Latwiýadan sergide görkezilýän gymmatlyklar aýratyn reňk öwüşginini çaýyp,nagyşlarynyň we gölleriniň aýratynlygy bilen tapawutlanýarlar. Bize şeýle halkara festiwallara gatnaşyp tejribe alyşmak üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun! Alyp barýan Döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Jahan BAZAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.