SAGLYGYM-BAŞ BAÝLYGYM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ynsan saglygyny goramak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen ilatyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak, ýaşaýyş şertlerini has-da ýokarlandyrmak, ruhy we beden saglygyny berkitmek maksady bilen durmuşa geçirilýän işler biziň ýurdumyzda adam baradaky aladanyň ilkinji orunda durýandygyny aýan edýär.

Ynsanyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, sportuň köpçülikleýin häsiýetini gazanmak döwletimizde ileri tutulyp möhüm wezipeleriň biri hasaplanylýar. Şunuň bilen baglylykda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde gysga döwrüň içinde eziz Watanymyzda saglyk ulgamynda ägirt uly işler durmuşa geçirildi.

Gözel paýtagtymyzda we welaýatlarda häzirki zaman lukmançylyk enjamlary oturdylan, dünýä derejesine laýyk gelýän hassahanalar, saglyk öýleri, sport toplumlary, sport mekdepleri ulanylmaga berildi. Şeýle işleriň netijesinde ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgesini durmuş kadalarynyň berk ornaşmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Mahlasy, ýurdumyzda sagdyn durmuşyň üpjün edilmeginde milletimiziň genofondynyň arassa bolmagynda, halkymyzyň saglygynyň pugtalandyrylmagynda, sagdyn bedenli we ruhly nesliň kemala getirilmeginde köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketine we sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Biziň diýarymyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdydyr. Sagdyn durmuş ýörelgesi – munuň özi abadan jemgyýeti berkarar etmegiň esasy şertidir.

Eziz Watanymyzy, mähriban halkymyzy batly gadamlar bilen bagtly menzillere alyp barýan, iň gymmatly hazynany ynsan saglygyna deňeýän Alym Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň il bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin.

 

Dursultan ROZYKULYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Lebap welaýatynyň Farap etrap

Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar