Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň 19-njy oktýabrynda Lebap welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi we Lebap welaýat kitaphanasy bilen bilelikde guramaklarynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň XIV jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Tanyşdyrylyş dabarasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň başlygy D.Mämedow, Lebap welaýat kitaphanasynyň direktory G.Amanowa, Lebap welaýat kitaphanasynyň usulçysy A.Şamuhamedowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni A.Amanow dagylar çykyş etdiler. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň 2009-njy ýylda başyny başlan ylmy işiniň dowamy bolan täze kitabyň aýratyn ähmiýetini belläp, bu gymmatly kitabyň diňe bir saglygy goraýyş işgärleri üçin däl, eýsem tutuş halkymyzyň ýan kitabyna öwrüljekdigini buýsanç bilen nygtap geçdiler.
Ynsan saglygyny ýaşlygyny we gözelligini gorajak bilimlere bilim, ylymlara ylym, ömürlere bolsa ömür goşan, türkmen halkynyň dowamatynyň müňýyllyklara alyp gitjek Gahryman Arkadagymyzyň şeýle beýik eserleriniň höwriniň köp bolmagyny şeýle-de halkymyzyň saglygy barada uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.