Şeýle şygar bilen şu gün Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde halkara festiwal açylyp öz işine başlady. Oňa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat, şäher we etrap Geňeşleriniň hünärmenleri we işjeň agzalary hem guramaçylykly gatnaşdylar.
Sungat derejesine göterilen çeper döredijilik işlerine adamzat nesli hemişe tagzym edip gelýär. Dünýä halklarynyň senetçilikde, amaly-haşam sungatynda gazanan üstünlikleri umumadamzat gymmatlyklarynyň baýlygydyr, şöhratydyr. Halk senetçiliginiň, amaly-haşam sungatynyň dürdäne nusgalary häzirki wagtda parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetliligiň we dost-doganlygyň nyşany bolup, älem-jahana ýalkym saçýar. «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwal hem dünýä halklary bilen dostlukly gatnaşyklaryň barha pugtalanýandygynyň, medeni hyzmatdaşlygyň täze derejelere göterilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Azat AMANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.