ADAMZAT ÝAŞAÝŞYNYŇ GÖNEZLIGI

Halkymyzyň “Bag eken baky ýalkanar” diýen parasatly pähiminiň many taýdan uly ähmiýete eýedigini berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyçlaryna esaslanýan, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini, zähmetsöýerligi rowaçlandyrýan, agzybirligiň nyşany bolan bag ekmek boýunça ählihalk çäresiniň ýurdumyzyň ähli künjeginde döwlet derejesinde geçirilmeginiň asylly däbe öwrülmeginde görmek bolýar.

Şahyryň:

“Dünýeden hiç kimse ötmesin bikar,

Bolmanda bir agaç eksin ýadygär.

Kim-de kim bir agaç ekse ýadygär,

Dünýäň kitabynda onuň ady bar”

diýişi ýaly, hakykatdan hem, halkymyzda sogap iş hasaplanylýan bag ekmek ýörelgesi adamzat durmuşynyň ahlak keşbiniň dowamatlylygydyr. Güýzüň mylaýym günlerinde zähmetsöýerlige beslenýän ýurdumyzyň ählihalk bag ekmek dabarasy bu paslyň gözelligine, tebigatyň täzelenişine mahsus bolan kanunalaýyk ýagdaýdyr. Ata-babalarymyzyň durmuş kadasyna öwrülen halkymyzyň tebigat bilen sazlaşykda ýaşamak ýörelgesi diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daş-töweregimizi sagdynlaşdyrmak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, ýaş nesli tebigata bolan söýgi, hormat ruhunda terbiýelemek, jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak babatynda alnyp barylýan toplumlaýyn işlerde öz beýanyny tapýar.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Döwlet Maslahatynda eden çykyşynda: “Daşky gurşawy arassa saklamak, tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmek we olary rejeli peýdalanmak, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary önümçilige yzygiderli ornaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.” diýip bellemegi, ýurdumyzda tokaýlaryň köpeldilmeginiň janly-jandarlaryň esasy ýaşaýyş serişdesi bolan howanyň arassa galmagyny üpjün etmegiň, ykdysady ösüşiň, tebigatyň biodürlüligini gorap saklamagyň we baýlaşdyrmagyň möhüm şertidigini aňladýar.

Döwlet baştutanymyz ýurdumyzyň “gök guşagyny” giňeltmek baradaky işlere örän jogapkärli we toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny, ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň hususan-da, saýaly, pürli we miweli baglaryň, arçalaryň dürli görnüşleriniň, derek agajynyň ekilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidigini nygtamak bilen, şeýle asylly işiň nesillerde halal zähmete söýgini pugtalandyrmakda hem wajyp ähmiýete eýedigini ündeýär. Adam durmuşdaky ähli zerurlyklaryny ilkinji nobatda tebigatdan alýandygy nukdaýnazaryndan seredeniňde tebigatyň ýaşaýşyň gönezligi bolup çykyş edýändigi hemmelere mälim hakykatdyr.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 28-nji oktýabrynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda guralan ekologiýa ugurly okuw sapagy şeýle hem, onuň ähmiýeti, maksatlary we netijeleri dogrusynda durup geçmek maksadalaýyk bolar. “Organiki bakjaçylyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy” ady bilen açyk asmanyň astynda geçirilen bu okuw sapagynyň hem-de onuň dowamynda hünärmenleriň gatnaşmaklarynda üzüm nahallarynyň 500-den gowrak düýbüni oturtmak bilen baglanyşykly çärä giň gerim berilmegi ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Giň meýdana üzüm nahallarynyň oturdylmagy täze edara ediş merkeziniň ekoulgamyny sazlamakda, şemally günlerde howa akymlaryna goşulyp gelýän tozany özüne siňdirmekde, ýurdumyzda üzüme bolan islegi kanagatlandyrmaga goşant goşmakda uly mümkinçilikleri özünde jemleýär. Bu ekologik çäre bolsa şeýle işlere goşant bolmak bilen birlikde, ýaş nesil üçin görelde mekdebi hem bolup durýar.

“Ýaşlygyndan nahal ekmedik, garranynda kölegede oturmaz” diýen pähime eýerýän pederlerimiziň asylly däbiniň dowamy hökmünde ýurdumyzda gök zolaklaryň geriminiň giňeldilmegi häzirki zaman şertlerinde ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň hem özboluşly innowasion usuly hökmünde çykyş edýär. Şol bir wagtda, ertirki günümiziň arassa howa şertleriniň girewi bolan tebigatyň ilki başdaky deňagramlylygyny dikeltmäge, durnukly saklamaga, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmaga gönükdirilendigi bilen wajyp ähmiýete eýedir.

Häzirki wagtda ýer ýüzünde ösümlikleriň müňlerçe görnüşleri bolup, olaryň ýaýraýşy, ösüşi we miwe berişi tebigy şertlere bagly bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ählihalk ýowarynda oturdyljak bag nahallarynyň ýurdumyzyň her sebitiniň toprak howa şertlerine mahsus görnüşleriniň seçilip alynmagy, zolaklaryň ýerleriniň taýýarlanylmagy, nahallar oturdylanda agrotehniki kadalaryň berjaý edilmegi we topragyň ylmy esasda öwrenilmegi bilen baglanyşykly taýýarlyk işleriniň uludan tutulmagy bir tarapdan ylmy çemeleşilmä esaslanýan biologik köpdürliligiň baýlaşmagyna itergi berýän bolsa, nahallaryň damjalaýyn suwaryş usuly bilen suwarylmagy döwletimiziň ýer-suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyna gönükdirilen dünýä ylmynyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagynda oňyn çemeleşmäniň alnyp barylýandygynyň subutnamasy bolup çykyş edýär.

Hünärmenleriň nygtamagyna görä, iň döwrebap himiki barlaghanalar hem, tebigatdaky ýaly kämil we düzümi boýunça dürli birleşmeleri sintezirlemäge ukyply däldir. Çünki, tebigat özüniň “ýaşyl laboratoriýalarynda” emeli döredilmegi mümkin bolmadyk maddalary öndürýär. Halkymyzda ynsan saglygy üçin halk lukmançylygynda bahasyna ýetip bolmajak baýlyk hasaplanylýan üzärligiň, sazagyň, çomuçyň, çopantelpegiň mysallarynda alanyňda ýurdumyzyň biodürliliginiň adamyň kesellere garşy durmak ukybyny pugtalandyrmaga, dürli kesellerden saplanmaga ýardam berýändigini aýratyn bellemek gerek. Milli lukmançylygynda ýurdumyzyň baý ösümlik dünýäsiniň ylmy taýdan esaslandyrylan we tejribede giňden peýdalanylýan ýol ýörelgesi bolup alym Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy işiniň mynasyp orny bar.

Halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda tebigat bilen sazlaşykda ýaşandygyny bolsa, onuň durmuş kadalarynyň ýagny tebigatyň gözellikleriniň we ösümlikleriniň atlarynyň adam adyna dakylmagynda; pederlerimizden miras galan dagdan, üzärlik, derek ýaly ösümlikler bilen baglanyşykly milli ýol-ýörelgeleriniň we däp-dessurlaryň, oty-çöpi derman bolan halk lukmançylygynyň mysallarynda doly göz ýetirmek bolýar. Ene ýeriň umumadamzat kowmunyň bir bitewi öýi bolup durýandygy, howa akymynyň bolsa, serhet çäginiň bolmaýandygy nukdaýnazaryndan, ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegi babatyndaky işler howanyň üýtgemeginiň we çölleşme hadysasynyň öňüni almakda, biologik dürliligiň baýlaşmagynda dünýä derejesinde alnyp barylýan işlere hem mynasyp goşantdyr. Çünki, häzirki wagtda dünýäniň ykdysady ösüşi, durmuş abadançylygy we daşky gurşawyň goralmagy birek-birekden üzňe bolmadyk bitewiligi emele getirýär. Bu bolsa, adamyň we tebigatyň özara gatnaşygynda ýüze çykýan meseleleriň ykdysady we durmuşy ösüşiň, parahatçylygyň we howpsuzlygyň meseleleri bilen birlikde ählumumy çemeleşmäniň esasynda çözülmeginiň mümkindigini ýüze çykarýar. Bularyň ählisi Döwlet Baştutanymyzyň daşky gurşawy goramagyň, ekologiýa abadançylygynyň üpjün etmegiň häzirki döwrüň hem-de durnukly ösüş maksatlarynyň möhüm şerti bolup çykyş edýändigi nukdaýnazaryndan dünýä bileleşiginiň öňünde ileri tutýan halkara başlangyçlarynyň wajyplygyny esaslandyrýar.

Islendik jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösüşi onuň kämil hukuk binýady, gatnaşyklaryň sazlaşykly kadalaşdyrylmagy, hukugyň amala aşyrylmagy, kanunyň netijeli durmuşa geçirilmegi bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup durýar. Türkmenistanyň agzasy bolup durýan daşky gurşawyň goragyna gönükdirilen toplumlaýyn halkara resminamalarynyň netijesinde milli hukuk ylmynda tebigatdan peýdalanyjylaryň gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün edýän milli ekologiýa kanunçylygy kemala geldi. Ata-babalarymyzyň milli ahlak we edep kadalary bilen sazlaşýan ekologiýa kanunçylygynyň hukuk binýady Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasyndan göz başyny alýar. Hususan-da, her bir adamyň tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçlydygyny berkidýän konstitusion kada jemgyýetimiziň ekologiýa medeniýetiniň esasynda durýar. “Tebigaty goramak hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda”, “Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda”, “Haýwanat dünýäsi hakynda” Türkmenistanyň kanunlary, şeýle hem, Türkmenistanyň Ýer, Suw we Tokaý kodeksleri ýaşaýşyň dowam etmegi üçin amatly şertleri üpjün edýän tebigy obýektleri azalmakdan, zeper ýetirilmekden, hapalanmakdan, rejesiz peýdalanmakdan we beýleki täsirlerden goramagyň kadalaryny, olaryň her birine bolan döwletimiziň aýratyn goragyny hukuk taýdan berkidýär.

Umuman, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda alyp barýan giň möçberli ekologiýa syýasaty netijesinde howanyň arassalygyny gorap saklamagyň we şäherleri, obalary gurşap alýan gök zolaklaryň döredilmegine gönükdirilen ählihalk bag ekişligiň geçirilmeginiň däbe öwrülmegi halkymyzyň sagdyn daşky gurşawa bolan konstitusion hukugynyň üpjün edilmegine, tebigy baýlyklarymyzyň ertirki nesillerimiz üçin goragynyň berjaý edilmegine giň mümkinçilikleri döretmek bilen birlikde, Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasynyň dabaralanmagynda hem möhüm ähmiýete eýedir.

 

Welimyrat ÖWEZOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

Umumy bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY