Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bugünki gün ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda beýik işler durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň ylymly, bilimli, sagdyn, berk bedenli, bolmaklary üçin taýsyz aladalar edýär. Ylym-bilim ulgamy, saglyk ulgamy beýik özgerişlikler bilen öňe barýar. Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp “Türkmendemirýollary” agentliginiň Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebinde mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyp oglanlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň ähli taraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak, olarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklarynyň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päk ýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek maksady bilen “Ogul atadan görelde almasa öwüt almaz” ady bilen wagyz-nesihat ündew çäresi geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ähli ugurlarda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde halkymyzyň durmuş derejesi ýokarlanýar, ýurdumyzyň mynasyp raýatlaryny terbiýelemek üçin, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, päk ýürekden we joşgunly zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär. Perzendi ýetişdirip, halal, gaýratly adam etmek, gadymy ýörelgelerimizde Alp Arslanyň, Görogly begiň, Gorkut atanyň, Däli Domrulyň halallyk, mertlik, ynsanperwerlik hakyndaky ýörelgelerini gursagynda şineleden, Watan üçin jan bermäge, serden geçmäge taýyn nesilleri, özi-de halal nesilleri – watançy nesilleri terbiýelemek biziň hemmämiziň, şol sanda ata bilen enäniň, maşgalanyň borjy bolup durýar. Häzir ýurdumyzda her bir adamyň zehinini we ukyp-başarnygyny amala aşyryp bilmegi hem-de öz halal, tutanýerli zähmetiniň miwesini görüp bilmegi üçin ähli oňaýly şertler döredildi. Ýaşuly nesliň wekilleri, şol sanda zenan-eneler jemgyýetiň sazlaşykly ösmegini üpjün etmek, milletiň agzybirligini, jebisligini, bitewiligini berkitmek işinde paýhasly maslahatçylar bolup durýar. Ýaşlaryň bilimde, ylymda, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketinde işjeňligini ýokarlandyrmak, zähmete höweslendirmek, döredijilik mümkinçiliklerini ýüze çykarmak bilen bagly toplumlaýyn işlere badalga berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hereket edýän sport toplumlary türkmen sportynyň ösüşine mynasyp goşant goşjak ýaşlaryň kemala gelmegine uly ýardam edýär. Biz hem döredip beren mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyz köp-köp sagbolsunymyzy aýdýarys. Arkadagly Serdarymyz alyp barýan il – ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç alsyn.
Gurbangeldi HYDYROW,
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar
jemgyýetiniň Magtymguly adyndaky ilkinji
Ýaşlar guramasynyň başlygy.