ÝAŞLAR - RÖWŞEN GELJEGIMIZIŇ KEPILIDIR

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow:

“Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan

ösüşine uly ähmiýet berýäris, çünki ylymly-bilimli, sagdyn

ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir.”

2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden çykyşynda: “Bagtyýar ýaşlarymyz halk hojalygynyň dürli pudaklarynda milli hem-­de döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde yhlasly zähmet çekýärler. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik­syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmakda möhüm başlangyçlary öňe sürýärler. Ylym-­bilim, telekeçilik we jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanyp, ykdysadyýetimizi ösdürmäge işjeň gatnaşýarlar.” diýip nygtamagy, ýaşlara bildirýän ynamynyň netijeli amal edilmeginiň zerurlygy ilkinji nobatda, ýaşlary özbaşdak durmuşa taýýarlamagy maksat edinýär.

Ýaşlary özbaşdak durmuşa taýýarlamak işi bolsa, ýurdumyzyň geljegi, döwletimiziň ösüşi barada alada edýän kämil nesli ýetişdirmek bilen baglanyşyklydyr. Munuň özi işewür, döwrebap pikirlenýän, daş-töwereginde bolup geçýän hadysalara akyl ýetirmegi başarýan, filosofik medeniýete eýe, özüne ynamly, şol bir wagtda hem, öz-özüni çäklendirmegi başarýan, öz ruhy ösüşinde ýeten derejesi bilen kanagatlanmaýan, özüne baha bermegi başarýan, halal zähmet çekýän adamy ýetişdirmek diýmegi aňladýar. Bularyň ählisi döredijilikli zähmete itergi berýär, döredijilikli zähmet bolsa adam, jemgyýet, döwlet sazlaşygyny emele getirýär. Häzirki bagtyýarlyk döwürde ýaşlar islendik jemgyýetiň ösüşini amala aşyrmagyň hereketlendiriji güýji, ylym we bilim bolsa şol hereketlendiriji güýji netijeli ösüşlere ugrukdyrýan wajyp görkezijiler bolup çykyş edýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda, ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygynyň üpjün edilmegine, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryna, olaryň hünär taýdan kämil bolmagyna, şol sanda sanly ylym-bilim ulgamynyň durmuşa ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki, milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýasy, eksportyň artdyrylmagy, importyň ornuny tutýan harytlaryň önümçiliginiň, senagatlaşmanyň ösdürilmegi boýunça maksatnamalaýyn wezipeleriň durmuşa ornaşdyrylmagy ilkinji nobatda, häzirki döwrüň ylmy gazananlaryndan, sanly elektron ulgamlaryndan, dünýä dillerinden baş alyp çykýan giň dünýägaraýyşly, sowatly ýaşlaryň, hünärmenleriň kämillik derejesi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýurdumyzyň ylym ulgamyny hil taýdan täze, dünýä derejesine çykarmak, ylmy barlaglaryň we tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary jemgyýetimiziň we döwletimiziň wajyp wezipelerini çözmäge gönükdirmek hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň öňünde goýýan esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen döwletimiz ösýän, döredýän, gurýan jemgyýet hökmünde dünýäde tanalýar. Häzirki intellektual we tehnologik bäsdeşlik döwrüniň ýaşlara bildirýän zerur talaby bolan ylmy taýdan kämilleşmek dünýä jemgyýetçiliginiň ösüşini kesgitleýär şol bir wagtda, şeýle ösüşi kanagatlandyrmak üçin täze usullary, innowasiýalary döredýär. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň nano-bio we maglumat tehnologiýalary, elektronika, robot tehnikasy, genetika, molekulýar biologiýa, innowasion we sanly ykdysadyýet, hünär senagaty ýaly ylmyň döwrebap ugurlaryny ösdürmäge we dünýä çykarmaga mümkinçilik berjek ýokary okuw mekdepleriniň, hünärleriň täze görnüşleriniň, olara kabul edilýän talyplaryň sanynyň ýylsaýyn köpelmegi aýratyn bellenilmäge mynasyp.

Ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň kanunçylyk taýdan üpjün edilen maksatnamalaýyn esasda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýratyn bellemek gerek. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylyň 1-nji sentýabrynda kabul edilen “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň rejelenen görnüşi, şeýle hem “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” ýaşlaryň kämil şahsyýetler hökmünde milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýolunda adam maýasy bolup çykyş etmegine döwlet derejesinde üns berilýändigini aýdyň tassyklaýar. Çünki, islendik döwletiň innowasion ykdysady taýdan ösmegi onuň ylmy-intellektual ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Dünýä ykdysadyýetinde esasy ünsüň ýurduň intellektual mümkinçiliklerine gönükdirilýändigi häzirki ylym giňişliginde alymlaryň arasynda “bilimler ykdysadyýeti” düşünjäniň uly gyzyklanma bilen öwrenilmegine şert döredýär. Bu bolsa, ýurduň bütindünýä ylym giňişliginde bäsleşip bilijilik ukybyna, dünýäniň ylym-bilim giňişligine üstünlikli goşulmagyna şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ylym ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär, ýokary hünärli ylmy işgärleri, ýaş alymlary taýýarlamaga aýratyn üns berilýär.

Umuman, jemgyýetiň döwrebap ösüşiniň hereketlendiriji güýjüniň ylym-bilim bilen kesgitlenýändiginden ugur alýan Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda dünýä tejribesi bilen sazlaşykda sanly ylym-bilim, ykdysadyýet ulgamy netijeli ösdürilýär, döwlet tarapyndan bilime-ylyma höwesek ýaşlara ähli şertler döredilýär. Bularyň ählisiniň gözbaşynda her bir adamyň kämil şahsyýet hökmünde döwrebap ösüşler bilen aýakdaş bolmagy, adam maýasynyň ýurdumyzda esasy gymmatlyk hökmünde ykrar edilmegi, ýaş alymlar nesliniň ösdürilmegi ýaly hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalary durýar.

 

Welimyrat ÖWEZOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

baş hünärmeni.

Öňki makala

WAGYZ-NESIHAT

Indiki makala

GELJEK ÝAŞLAR BILENDIR

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY