GELJEK ÝAŞLAR BILENDIR

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Hormatly Prezidentimiziň öz işine hemme taraplaýyn düşünýän ýaş hünärmenleri ýetişdirmek barada berýän tabşyryklaryndan ugur alyp hem-de ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryny goldamakda ýaşlaryň işjeňligini artdyrmak maksady bilen hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda Hormatly Prezidentimiziň «Giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmek ilkinji nobatdaky wezipedir» diýip, öňde goýan wezipeleri esasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymlary tarapyndan «Döwlet gullugynyň ahlak ýörelgeleri we häzirki zaman etiki kadalary» atly gysga möhletli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hünärmenleri bilen geçirilen okuw sapagy uly üstünlikli tamamlandy.

Geçirilen bu okuw sapagy Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň syýasy hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, olaryň döwletiň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryny, şeýle hem olarda belent ruhy-ahlak ýörelgelerini emele getirmek, ösüp gelýän nesli watançylyk, ynsanperwerlik hem-de zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň konstitusion, durmuş-ykdysady hukuklarynyň we azatlyklarynyň hem-de kanuny bähbitleriniň we borçlarynyň ähmiýeti barada düşünjelerini artdyrmak, ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklary, milli däp-dessurlary wagyz etmek işlerini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramakda, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny we borçlaryny ýaşlara giňden düşündirmek boýunça ýaly işleri alyp barmakda netijeli häsiýete eýe boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy tarapyndan «Döwlet gullugynyň ahlak ýörelgeleri we häzirki zaman etiki kadalary» boýunça geçirilen gysga möhletli okuw sapagyny üstünlikli tamamlan Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hünärmenlere Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy tarapyndan Hünär derejesini ýokarlandyrandygy hakynda Şahadatnama gowşuryldy.

 

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY