Wladimir Nabokowyň “Ýaşalan günlere däl, ýatda galan pursada ömür diýilýär” diýen ajaýyp sözleri bar. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda maňa hem Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi bolmak bagty miýesser etdi. Baýragyň gowşurylyş dabarasy meniň ömrümde ýatdan çykmajak pursatlaryň biri boldy. Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi adyna eýe bolmak örän ullakan bagt. Çünki bu baýrakda ýaşlygyň hyjuwy, yhlasy bar.
Häzirki wagtda dünýä ýüzünde ýaşlara aýratyn orun degişli. Sebäbi, her bir döwletiň kuwwaty onuň ösüp gelýän ýaş nesli bilen kesgitlenilýär. Biziň ýurdumyzda hem ýaşlaryň sagdyn, bilimli, kämil bolup kemala gelmekleri ugrunda uly işler alnyp barylýar. Munda ýurduň ýaşlaryny bir ýere jemleýän, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň orny ýokary. Guramanyň alyp barýan işleri ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Biz ähli arzuw-islegleriň hasyl bolýan ýurduň bagtly ýaşlary.
Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyz bilen dünýä döwletleriniň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Men hem geljekde halkaraçy žurnalist hökmünde ýurdumyzyň ösüşlerini, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatyny dünýä ýüzünde şöhlelendirmekde yhlasymy gaýgyrmajakdygyma ynandyrasym gelýär. Ýurdumyzyň ýaşlaryna aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.