Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisini bagyşlanyp maslahat duşuşygy geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdymyzda uly-uly üstünliklere belent sepgitlere ýetilýär.
Bedew batly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdymyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň has-da belende göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýy bar.
Biz ýaşlara ynam bildirýän Hormatly Arkadagymyz ýurdumyzyň ýaşlarynyň hemme taraplaýyn bilim-terbiýeli bolmaklary ugrunda mundan beýläk-de yzygiderli alada etjekdigini aýdyp, hormatly ýaşulularyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmaklarynyň bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagynda aýratyn ähmiýetlidigini belleýär.
Gahryman hajy Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň häzirki döwürde netijeli hereket edýändigi, onuň howandarlyga mätäç çagalara hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi aýratyn bellenilmeli guwançly ýagdaýdyr. Munuň özi ýurdumyzda ynsanperwer ýörelgeleriň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.
Hormatly Arkadagymyz döwletimiziň howandarlyga mätäç çagalara hemmetaraplaýyn kömek-goldaw bermek işlerine zerur üns berýändigini aýdyp, bu ynsanperwer ýörelgeleriň çaganyň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň üpjün edilmeginde aýratyn ähmiýetlidigine ünsi çekýär.
Gahryman Arkadagymyz çaga terbiýesiniň türkmen halky üçin aýratyn ähmiýetli we asylly ýörelgä öwrülendigini belläýär we bu ugurda zerur tagallalary amala aşyrýar. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky ýaşulular geňeşiniň mejlisi aýdylanlary doly tassyklaýar. Mejlisiň dowamynda Hormatly Arkadagymyz ýaşulularyň jemgyýetimizde oňyn ýörelgeleri pugtalandyrmakda, ýaşlaryň halal zähmete we asylly işlere bolan höwesini artdyrmakda möhüm orun eýeleýändiklerini belledi.
Hakykatdanda ýaşuly nesliň wekilleriniň durmuş ýoly, paýhas eleginden syzylyp çykýan öwüt-ündewleri ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olary halal zähmete ugrukdyrmakda biziň üçin nusgalyk ýörelgedir.
Biz – Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesine eýerip, ýaşuly nesliň wekilleri bilen birlikde ýurdumyzyň ýaş nesillerini milli ruhly, beden we ruhy taýdan sagdyn, halal, ynsanperwer, dogruçyl, watançy nesiller edip ýetişdirmekde mynasyp işleri alyp barjakdygymyza tüýs ýürekden ynandyrýarys.
Şu pursatdan peýdalanyp, ýurdumyzda türkmençilik ýolunyň dowam etdirilmegi üçin zerur tagallalary döredip berýän Hormatly Prezidentimize, şeýle hem Gahryman Arkadagymyza ähli ýaşlaryň adyndan çäksiz sagbolsunymyzy aýdýarys.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!
Aýgül SALYHOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.