Haýsy ýer, haýsy ýurtdugyna garamazdan, islendik künjekde ýaşlara döwletiň geljekki ösüşleriniň binýadyny goýjak, ykdysadyýetiň pudaklarynda zähmeti guramakdan başlap, dolandyryjy wezipelerde işlejek ynsanlaryň «altyn gaznasy» hökmünde garalýar.
Şu jähetden, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ýaşlara bagyşlanylýar. Bu gönüden göni olaryň hukuklary, durmuş taýdan goraglylygy we geljegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu bolsa ýurtda ýaşlar babatda kanunçylygyň binýadynyň berkden tutulmagyny, anyk maksatlary we wezipeleri öz içine alýan maksatnamalaryň kabul edilmegini talap edýär.
Ýaşlarymyzyň bilimli, ylymly, beden we ruhy taýdan sagdyn, iň esasysy bolsa, hemmetaraplaýyn kämil, watansöýüji we ynsanperwer şahsyýetler hökmünde kemala gelmegi üçin ähli şertlerdir mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda geçen ýyl kabul edilen «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy öňde goýlan anyk maksatlara ýetmekde aýdyň ýol görkezijidir. Muny türkmen ýaşlarynyň durmuşynyň ähli çygyrlarynda üpjün edilen mümkinçilikler doly tassyklaýar.
Biz bu hakykata ýene bir ýola üstümizdäki ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde öňde goýlan anyk wezipeleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirdik.
Geçirilen mejlisde Gahryman Arkadagymyz dürli pudaklarda zähmet çekýän watandaşlarymyz, şol sanda ýaşlaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan hödürlenen «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň taslamasynda beýan edilýän maddalary kämilleşdirmek bilen bagly möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmagy Watanymyzda halk demokratiýasynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Ýurdumyzda ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagynda, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmagynda, ýaş nesilleriň ylmy we döredijilik işlerine höweslenmeginde, dünýägaraýyşlarynyň giňelmeginde we özlerini kämilleşdirmeginde, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagynda hemmetaraplaýyn goldaw bermek baş wezipeleriň biridir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň hakyky watançylyk, ýokary ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklar, parasatly halk däp-dessurlaryna, ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalylyk ruhunda terbiýelenilmegine möhüm ähmiýet berýär.
Häzirki täze taryhy zamanada ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde pudaklaýyn gatnaşyklar bilen sazlaşykly alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hem oňyn netijeleri we ähmiýetli işleri bilen tapawutlanýar. Ýaş raýatlaryň durmuş goraglylygyndan başlap, olaryň jemgyýetdäki ornuny pugtalandyrmak, ýokary bilimli we hünär taýýarlykly nesli kemala getirmek wezipelerine jogapkärçilikli çemeleşilýär we bu ugurda degerli çözgütler kabul edilýär.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 1-nji sentýabrynda bolsa Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda we onda ýurdumyzyň ýaşlarynyň teklipleri esasynda işlenip taýýarlanylan «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini kabul edildi. Bu Kanunda ýaşlarymyz üçin hemmetaraplaýyn alada öz beýanyny tapýar.
Ýaşlar biziň geljegimizdir! Geljekde eziz Watanymyzyň ösüşi, gazanjak üstünlikleri we bütin dünýäde halkara abraýy ýaşlara baglydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz buýsanç bilen belläp, ýaşlarymyzyň bilim-terbiýe almagy bilen bagly soragyň hiç wagt ünsden düşürilmeli däldigine ünsi çekdi. Bu ugurda ikinji derejeli hiç zat ýokdur. Ähli zat örän möhümdir diýip, Gahryman Arkadagymyz belläp, ýaşlarymyza kanuny esaslarda berilýän ýeňillikleriň hökman durmuşa geçirilmegiň zerurdygyny nygtady.
Şu jähtden bu ýeňillikler hem maliýeleşdirmek we serişdeler bilen üpjünçilik ýaly soraglara baglydyr. Şoňa görä-de, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde bu ýagdaýy göz öňünde tutmagyň, şeýle hem ýaşlara ýörite maksatlar üçin bölünip berilýän serişdeleri artdyrmagyň zerurdygy barada aýdyldy. Şonuň bilen birlikde, aýdylanlar nazara alnyp, Gahryman Arkadagymyz býujetiň degişli maddalaryny gaýtadan hasaplamagyň möhümdigini belledi.
Bu bolsa ýaş nesliň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy üçin ähli şertleri döretmekde, şeýle-de ýaşlarda raýat jogapkärçiligini we zähmete söýgini ösdürmekde, ýaşlaryň şahsy-jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamakda we höweslendirmekde, ýaşlarymyzda öz hukugyny goramak başarnygyny ýokarlandyryp, olaryň jemgyýetçilik birleşmelerine işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekde, halallyk we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylygy ýaşlaryň baş ýörelgesine öwürmek ýaly wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde esasy çelgi bolar.
Umuman, bu wezipeleriň ählisiniň täzeden işlenilip taýýarlanyljak «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýaşlary ähli taraplaýyn goldamak boýunça möhüm wezipeleriň göz öňünde tutuljakdygy bolsa örän guwandyryjydyr. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň kanunçylyk namalary bilen utgaşykly amala aşyrylýandygyna güwä geçýär.
Dünýäde edilýän beýik açyşlaryň, hasyl edilýän uly maksatlaryň aňyrsynda nämedir bir zada bolan söýgi ýatyr. Hakyky söýgi hasyllydyr, onda-da Watan söýgüsine gezek gelende hut şeýle bolaýmalydyr. Çünki, bagtyň togsan dokuz göterimi gönüden-göni Watan bilen baglanyşyklydyr.
Hut şonuň üçinem «Jan saglygy, ýurt asudalygy. Iýjek-içjegiň, güzeranyň öz ýurduňdan tapylyp durmagy, ojak odunyň öçmezligi bagtdyr» diýen söz asyrlar bäri ýaşap gelýär.
Bagtyýarlygymyz hem-de ýagty ertirlerimiz üçin ähli amatlyklary we mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun. Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik tutumly işleri elmydama uly rowaçlyklara beslensin.
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
bölüm müdiri.