Halkyň Arkadagly zamanasynyň Gujurly ýaşlary-2022

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky amala aşyrylýan beýik özgertmeleri Watanymyzyň geljegi bolan zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga uly itergi berýär. Sungat ojagy bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda bilim alýan talyp ýaşlar döwrümiziň waspyny ýetirýän  sungat eserlerini döredýärler. 2016-njy ýyldan bäri däbe öwrülen “Gujurly ýaşlar” atly döredijilik bäsleşigi hünäriniň ussady bolan ýaş suratkeşleriň zehinini açyp görkezýän bu sergi her ýyl özüniň datly miwelerini ýüze çykarýar. Şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlary boýunça nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk, binagärlik we dizaýn, amaly-haşam sungatynyň halyçylyk, zergärçilik, keramika ýaly görnüşlerinde we sungaty öwrenijileriň ýerine ýetiren ajaýyp eserleri sergä gatnaşan sungatyň muşdaklarynda uly gyzyklanma döretdi. Gujur-gaýratly talyplarymyzyň ýylyň dowamynda zähmet siňdirip sünnälän eserleri “Halkyň Arkadagly zamanasynyň gujurly ýaşlary” atly serginiň düýp mazmunyny açyp görkezdi. Bu bäsleşikli sergide diwarlary bezeýän her bir eserleriň aňyrsynda elbetde halypa mugallymlaryň çeken zähmetleriniň, sungat ýolunda beren bilimleriniň aýdyň netijelerini görmek bolýar.

 

Gülşat ANNASEÝIDOWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň

3-nji ýyl talyby.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY