Halkymyz özüniň şöhratly ýolunda terbiýe meselesini hemişe üns merkezinde saklap, ony ýaşlaryň kalbyna ornaşdyrmagyň özboluşly ýollaryny tapypdyr. Edeplilik jemgyýetiň hem şahsyýetiň ruhy durmuşynyň aýrylmaz bir bölegi hökmünde görlüpdir. Ol adamlaryň biri-birine, Watana, halka, jemgyýete, döwlete, maşgala bolan garaýyşlaryny kesgitleýär. Türkmen jemgyýetinde çaga terbiýesinden üzňe, oňa dahylsyz ýekeje-de adam bolmandyr. Jemgyýetiň her bir wekili çagany öz ýerinde göreldesi, sargytlary bilen terbiýelemäge çalşypdyr.
Asyrlaryň dowamynda halkymyzyň arasynda ýaşlary terbiýelemegiň milli mekdebi kemala gelipdir. Şeýle milli ýörelgeleri edebi çeşmelerimizde, halk döredijiliginde aýdyň görmek bolýar. Muňa mysal edip halk döredijiliginiň egsilmez hazynasy bolan nakyllary, atalar sözlerini görkezmek bolar. «Akylyň bahasy bolmaz, terbiýäniň — çägi», «Akylly ogul hem edep, hem talap», «Akylly ogul — hümmetli, akylly gyz — gymmatly», «Edep bilen bagt tapylar, sabyr bilen — tagt», «Edep başy — dil» ýaly nakyllarda türkmen halkynyň milli edep-terbiýä garaýyşlary aýdyň ýüze çykýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda hem belleýşi ýaly, ata-babalarymyzyň pähimli tymsallary olaryň nesillerine ýollan köňül namalarydyr. Atalaryň pendi bolsa nesiller üçin müdimi eýerilmeli tälim-terbiýedir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ýaşlaryň terbiýesine, olaryň ylym-bilimli bolup ýetişmeklerine aýratyn üns berilýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaşlaryň sagdyn, kämil, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle asylly işlerden ruhlanyp, biz — terbiýeçilik işgärleri hem ýaşlara bilim, terbiýe bermekde döredijilikli zähmet çekýäris. Gadymdan gelýän asylly ýörelgelerimiz esasynda nesillerimizi milli ruhda terbiýelemegi, ýaşlaryň kämil, watansöýüji şahsyýetler bolup ýetişmeklerini belent borç hasaplaýarys.
Hormatly Prezidentimiziň döwrebap ýaşlary kemala getirmek ugrunda alyp barýan beýik işleri, nusgalyk göreldesi her birimiz üçin ýörelgedir. Goý, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ýaşlarymyzyň dünýä derejesinde ylym-bilim almagy, olaryň milli ruhda terbiýelenmegi ugrunda bimöçber alada edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Maýagözel MUHAMMETBERDIÝEWA,
Mary şäherindäki 25-nji
çagalar bagynyň müdiri.