24-nji iýulda hormatly Prezidentimiz özüniň dynç alyş pursatlarynda öz wagtyny netijeli peýdalanyp, paýtagtymyzy gurmagyň düzümleýin taslamalary bilen tanyşdy. Milli Liderimiz paýtagtymyzy gurmagyň täze tapgyryny amala aşyrmak boýunça halkara bäsleşiginiň yglan edilmeginiň öňüsyrasynda Aşgabat şäheriniň häkiminiň haýyşy boýunça ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň meýilnamasyna laýyklykda, sanly we IT-tehnologiýalar arkaly işlenip taýýarlanylan taslamalar bilen tanşyp, şolar babatda degişli belliklerini hem-de maslahatlaryny berdi.
Hormatly Prezidentimiz, hususan-da, paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde gurmagy meýilleşdirilýän Aşgabat-siti adyna eýe bolan döwrebap binagärlik taýdan ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdy. Ony amala aşyrmagyň çäklerinde zerur bolan düzümli durmuş, dolandyryş we beýleki maksatly desgalaryň iri toplumynyň gurulmagy göz öňünde tutulýar. Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlaryndan ugur alnyp, taslamalaryň esasynda milli binagärligiň iň gowy däplerini hem-de dünýäniň şähergurluşygynyň öňdebaryjy meýillerini sazlaşykly utgaşdyrýan innowasion çemeleşme aýdyň beýanyny tapdy.
Taslamalary işläp taýýarlamaga ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşandygy guwançly ýagdaýdyr. Soňky ýyllarda talyp ýaşlar şeýle işlere ýygy-ýygydan çekilýär, bu bolsa olaryň intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini işjeň ulanmaga ýardam edýär.
Häkim döwlet Baştutanymyza taýýarlanylan taslamalar, şolaryň özboluşly aýratynlyklary we desgalaryň gurluşygynda ulanylmagy meýilleşdirilýän serişdeler barada hasabat berdi. Hususan-da, täze şäheriň çäklerinde bina edilmegi meýilleşdirilýän ýolagçy duralgalarynyň taslamalary hakynda giňişleýin habar berildi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şähergurluşygy babatda bellenilen meýilnamalary amala aşyrmakda gurulýan desgalaryň binagärlik aýratynlyklary, inženerçilik-tehniki taýdan üpjünçiligi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidir. Milli Liderimiz görkezilen taslamalary, umuman, makullap, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.
Täze duralgalaryň gurluşygynda ýurdumyzyň tebigy-howa şertlerine laýyk gelýän serişdeler ulanylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Şeýle hem täze şäheriň ugurdaş desgalary häzirki zamanyň ylmy-tehnologik derejesine kybap gelmelidir. Şunuň bilen baglylykda, duralgalary awtobuslaryň hereketini, ugruny we gelmeli wagtyny görkezýän anyk maglumatlary almaga mümkinçilik berýän ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Bezelişi taýdan tapawutlanýan duralgalarda ýylyň ähli paslynda ulaga garaşyp duran adamlar üçin amatly howa ýagdaýy döredilmelidir.
Hormatly Prezidentimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, binagärlik taslamalaryny taýýarlamaga we amala aşyrmaga degişli ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň gatnaşmagynyň wajypdygyny belledi, munuň özi täze pikirleriň, täzeçil garaýyşlaryň döremegine we durmuşa geçirilmegine ýardam eder.
Hormatly Prezidentimiz täze şäheriň taslamalarynyň we maketleriniň awgust aýynda birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde guraljak halkara sergide görkezilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz täze binalaryň gurluşygynda ulanyljak ähli serişdeleriň häzirki zaman talaplaryna kybap gelmelidigini, şol sanda ekologiýa we bezeg nukdaýnazaryndan hem gabat gelmelidigini belledi.
Milli Liderimiz ak mermerli Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça taýýarlanylan maksatnamany ýokary derejede durmuşa geçirmek boýunça wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Ak şäherimiz Aşgabady okgunly durnukly ösýän şähere öwürmek, paýtagtymyzyň ösüşini hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça alnyp barylýan işler paýtagtyň ilatynyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp, abadan durmuşda ýaşamagy, yhlasly hem döredijilikli zähmet çekmegi, medeniýetli dynç almagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini tassyklaýar. Aşgabat-siti taslamasynyň amala aşyrylmagy bilen Aşgabat ösüşiň täze tapgyryna, öz taryhynyň sanly tehnologiýalar döwrüne gadam goýup, innowasiýalaryň, ýokary şäher medeniýetiniň, maýa goýum işjeňliginiň, syýahatçylygyň paýtagtyna öwrüler.
“Nesil” gazeti,
27.07.2019ý.