7-nji iýulda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ajaýyp köçeleriniň çatrygynda «Awazanyň ýalkymy» monument binasy dabaraly ýagdaýda açyldy. Şatlykly waka köpöwüşginli uly baýramçylyk ruhundaky çärelere beslendi. Açyk asmanyň astyndaky konsert meýdançasynda döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy, Watanymyzyň ýeten derejesini wasp edýän joşgunly aýdym-sazlar ýaňlandy.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Hazaryň kenaryndaky deňiz şypahana toplumy tutuş dünýäde nusgalyk derejä göterilýär. Berkarar Watanymyzyň jana ýakymly tebigatynyň hem-de owadan, milli gymmatlyklara baý ýerleriniň gün-günden has-da tanalýan döwründe syýahatçylyk ulgamynyň ösdürilmegi babatda uly işler alnyp barylýar. Watanymyzyň iň gözel künjekleriniň, melhemli mekanlarynyň biri bolan gojaman Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurlup, ulanmaga berilýän kaşaň myhmanhanalaryň, dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň, şypahanalaryň sany gün-günden artýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen topragynyň bu ajaýyp künjegi halkara deňiz dynç alyş merkezleriniň derejesine doly laýyk gelýär.
Milli syýahatçylyk zolagynyň gözelligini we tebigy baýlygyny alamatlandyrýan täze desga Arkadag we Berkarar şaýollarynyň çatrygynda «Jadyly kenar» oýun attraksionlar seýilgähiniň girelgesiniň ýanynda dikeldildi. Binanyň merkezi bölegi tolkunlaryň üsti bilen ýüzüp barýan ýedi guwuň şekilinde bolup, ol kümüşsöw serişdeden taýýarlanyldy. Binanyň umumy beýikligi 23 metr, özboluşly suw çüwdürimleri bilen gurşalan binýadynyň diametri bolsa 33 metrdir.
Awazada ýurdumyzyň we daşary ýurt raýatlarynyň oňat dynç almagyny guramak üçin zerur bolan ähli mümkinçilikler döredilendir. Hazaryň kenarynda kaşaň myhmanhanalar, çagalar sagaldyş merkezleri, köpugurly şypahanalar, maşgala bolup dynç almagy halaýanlar üçin kottej toplumlary, sport we seýilgäh-dynç alyş merkezleri gurulýar. Şunuň bilen bir hatarda, Hazar deňziniň gündogar kenary dynç alyş serişdelerine has-da baýdyr. Bu ýerde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin niýetlenen sport meýdançalarynyň, ýahtaly deňiz gezelençleriniň, baýdarkalarda ýüzmek ýaly beýleki dynç alyş serişdeleriniň bolmagy dynç alşy, syýahaty has-da täsirli edýär. Awazada çagalaryň hem wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmegi ugrunda zerur mümkinçilikler bar. Milli Liderimiziň aladasy netijesinde bu ýerde eýýäm «Jadyly kenar», «Deňiz merjeni», «Älemgoşar» seýilgähi dynç alyş we medeni merkezleri hem-de dürli attraksionlary bolan «Awaza» akwaparky degişli serişdeler we enjamlar bilen üpjün edilip, iň gelim-gidimli ýerlere öwrüldi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda-da ekologiýa ýagdaýynyň has-da berkidilmeginde gök zolaklaryň döredilmegine, bu ýeriň bagy-bossanlyga bürelmegine aýratyn ähmiýet berýär. Deňziň kenarynda tokaý zolaklary amatly howa gurşawyny döredýär. Seýilgähleriň çägi giňeldilýär we dürli güller, şypahana zolagynyň çägi boýunça geçýän Awaza derýasynyň kenarlarynda täze bag nahallary ekilýär.
Häzirki tomusky dynç alyş möwsümi döwründe deňiz şypahana toplumyna ýurdumyzyň dürli künjeklerinden müňlerçe adamlar gelýärler. Altyn öwüşginli çägeli suwa düşülýän ýerler, mylaýym suwly deňiz, ýakymly güneşli arassa howa adamlarda ruhubelentlik döredýär we olaryň sagdynlygyny berkidýär. Şeýlelikde, Awaza türkmenistanlylaryň köpçülikleýin dynç alýan ýerine öwrülýär. Şeýle hem bu ýerde maşgala bolup dynç alýanlar üçin aňrybaş şertler üpjün edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň durmuşa geçmegi bilen, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy dünýäniň ähli döwletleri bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge hem-de ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasatynyň üstünlikli ösdürilýändigini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Iri maýa goýumly taslama bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy toý-baýramlaryň, halkara festiwallaryň, möhüm wakalaryň, resmi duşuşyklaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ýakyn wagtda bu ýerde birinji Hazar ykdysady forumy geçiriler. Oňa dürli ýurtlaryň hökümet wekiliýetleri, halkara guramalaryň we onlarça döwletleriň ykdysady ulgam boýunça iş alyp barýan iri kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşar.
Gün-günden gülleýän, gül açýan gözel Awazanyň at-owazasyny dünýä doldurmak, onuň döwrebap binalaryny doly derejede we netijeli işletmek, raýatlaryň saglygyny dikeltmek, bu ýerde ýurdumyzdan we daşary döwletlerden bolan syýahatçylaryň has köp gelmegini gazanmak boýunça işler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň mysallarynyň biridir. Bu ýeriň döwrebap infrastruktura düzümleriniň dowamly üstüniň ýetirilmegi, bu desgalara gelýänleriň sanynyň ýylyň hemme pasyllarynda köplügi, bu ýerde geçirilýän iri möçberli halkara çäreleri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň meşhurlygynyň günsaýyn artýandygyna şaýatlyk edýär.
“Nesil” gazeti,
30.07.2019ý.