UMU­MY MAK­SAT­LA­RYŇ BÄH­BI­DI­NE HYZ­MAT­DAŞ­LYK

30-31-nji iýulda paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän «Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna kömek bermek» hem-de «AHHG-nyň institusional-hukuk gurallaryny kämilleşdirmek» boýunça hereketleriň maksatnamasyny» (ADSM-4) işläp taýýarlamak boýunça Sebitleýin iş toparlarynyň ikinji duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan guraldy. Sebitleýin iş toparlarynyň mejlisine Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň, AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň, Durnukly ösüş boýunça döwletara toparyň, şeýle hem beýleki gyzyklanýan sebit we halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna kömek bermek boýunça Hereketleriň maksatnamalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek, Aral meselesi bilen baglylykda sebitde dörän meseleleri çözmegiň has netijeli gurallarynyň biri bolup durýar. AHHG-nyň döredilen gününden bäri häzire çenli ADSM, ADSM-2 we ADSM-3 ýaly maksatnamalaryň üçüsi amala aşyryldy.

Öň belli bolşy ýaly, AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalygy topary Durnukly ösüş boýunça döwletara topar bilen bilelikde milli bilermenleri we halkara hyzmatdaşlary çekmek bilen ADSM-4 işläp taýýarlamagy bellenildi. Maksatnama suw serişdelerini toplumlaýyn peýdalanmak; ekologiýa; durmuş-ykdysady; institusional-hukuk gurallaryny kämilleşdirmek ýaly ugurlar boýunça amala aşyrylýar. Bu işler Durnukly ösüş maksatlary, Howanyň üýtgemegi hakynda ylalaşyk hem-de degişli milli maksatnamalar boýunça ýurtlaryň borçnamalaryny nazara almak bilen amala aşyrylýar.

Iki günlük Aşgabat duşuşygynyň gün tertibi dört ugruň her biri boýunça ADSM-4 maksatnamasyny işläp taýýarlamak we döretmek, şeýle hem AHHG-nyň guramaçylyk düzümini we şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmek bilen bagly taslama teklipleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyny we ylalaşylmagyny öz içine aldy. Olaryň hemmesi Gaznany esaslandyryjy döwletlerde geçirilen milli geňeşmeleriň esasynda taýýarlanyldy.

Sebitleýin iş toparlarynyň ikinji duşuşygyna gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän, oňyn netijeli hyzmatdaşlyga gönükdirilen hem-de milli we umumadamzat bähbitlerine laýyk gelýän döredijilik daşary syýasy strategiýasy dogrusynda nygtap geçdiler. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyz Aral meseleleri bilen bagly bolan özara ylalaşykly we sazlaşykly möhüm wezipeleri işläp taýýarlamak babatda netijeli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge önjeýli goşant goşýar. Bitarap Türkmenistanyň bu ugurda görýän yzygiderli çäreleri dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilen, türkmen tarapynyň başyny başlan «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnama ýurdumyzyň degişli meselelerde işjeň ornuny ýene bir gezek tassyklaýar.

Daşky gurşawy goramak, ekologiýany durnukly saklamak hemde suw diplomatiýasyny ilerletmek babatynda ýurdumyz tarapyndan durmuşa geçirilýän çäreler döwletimiziň bu ugurda öz halkara borçnamalaryny doly berjaý edýändigini tassyklaýar. Milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlary ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge, möhüm syýasy, durmuş-ykdysady, ekologiýa we ynsanperwer meseleleri çözmäge hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge itergi berýär.

“Nesil” gazeti,

01.08.2019ý.