HARRI KEÝNIŇ KATAR ― 2022-NIŇ IŇ NETIJELI FUTBOLÇYSY BOLMAGYNA GARAŞYLÝAR

Bukmekerlik boýunça halkara bilermenleriň pikirine görä, Angliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hüjümçisi Harri Keýn ýene-de 10 günden Katarda başlanjak mundialyň iň netijeli futbolçysy bolup biler.

«Sports.kz» neşiriniň ýazmagyna görä, olar iňlis hüjümçiniň gazanyp biljek ýokary netijesinde 9.00 koeffisient berýärler.

Ikinji we üçünji orunlarda degişlilikde 10.00 we 12.00 koeffisientler bilen fransiýaly hüjümçiler Kilian Mbappe hem-de Karim Benzema bar.

Bilermenler Argentinanyň ýygyndysynyň esasy hüjüm ýaragy bolan Lionel Messini dördünji orna goýdular. Oňa 13.00 koeffisient berildi. Ilkinji bäşligi brazil Neýmar bilen portugal Kriştianu Ronaldu jemleýär. Bu futbolçylaryň ikisine-de 15.00 koeffisient berildi.

Dünýä çempionatynyň 20-nji noýabrda başlanyp, 18-nji dekabrda tamamlanjakdygyny habar berýäris.

turkmenportal.com