XII UNIWERSIADA: ÝARYŞLAR DOWAM EDÝÄR

Şu günler ýurdumyzyň dürli künjeklerinde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII Uniwersiada dowam edýär. Bu sport bäsleşikleriniň maksatnamasyna girýän sportuň görnüşleri boýunça bäsleşikler ýaşlarda uly gyzyklanma döredýär.

«Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII Uniwersiadanyň maksatnamasyna girýän woleýbol boýunça ýaryşlara 2022-nji ýylyň 2-nji noýabrynda badalga berildi. Bu ýaryşlar 12-nji noýabra çenli dowam eder.

Basketbol (3x3) bäsleşikleri hem ýurdumyzda uly meşhurlyga eýe bolup, talyplar 2022-nji ýylyň 14-17-nji noýabry aralygynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII Uniwersiadanyň ýeňijisi bolmak ugrunda göreşerler.

Sambo göreşi Türkmenistanda giňden ýaýran görnüşleriň biri hasaplanýar. 2022-nji ýylyň 18-19-njy noýabry aralygynda geçiriljek bäsleşikleriň dowamynda bu hakykata nobatdaky gezek göz ýetirmek bolar. Sambo ýaryşlarynyň 7 agram derejesinde geçiriljekdigini ýatladýarys.

Grek-rim göreşi sportuň olimpiýa görnüşleriniň maksatnamasyna girýänligi bilen tapawutlanýar. 2022-nji ýylyň 24-26-njy noýabry aralygynda geçiriljek ýaryşlarda talyplar 10 agram derejesinde grek-rim göreşi boýunça kimleriň baýraky orunlara mynasypdygyny kesgitlärler.

Türkmenistanly bilýardçylaryň halkara ýaryşlarynda görkezýän netijeleri sportuň bu görnüşiniň ýaşlaryň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýandygyny aýtmak gerek. 2022-nji ýylyň 28-29-njy noýabrynda guraljak bäsleşigiň çekeleşikli geçmegine garaşylýar. Ýaryşlaryň «Älemgoşar» bilýard klubunda guraljakdygyny ýatladýarys.

 

Ogulnäzik Geldiýewa,

sport synçysy.