Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň 8-nji noýabrynda Darganata etrabynyň 1-nji orta mekdebinde, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Darganata etrap Geňeşiniň işgärleri, etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramaklarynda Arkadagly Serdarymyzyň “Siziň belent joşgunda ýerine ýetirýän aýdym-sazlaryňyz biziň halkymyzyň dünýä dolýan ykbalydyr,at-abraýy, mertebe-şanydyr, ýüreklere egsilmez şatlyk paýlaýan täsin sungatdyr” diýen sözlerinden ugur alyp, ýurdumyzyň çagalarynyň, okuwçy ýaşlarynyň ruhy taýdan ösmegini, ahlak, edep häsiýetleriniň berkitmegini gazanmakdan şeýle-de, milli medeniýetimizi we sungatymyzy yzygiderli ösdürmäge, ösüp gelýän ýaş nesiliň sungat äleminde zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmaga, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny we bilimlerini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasatymyzy iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 3-5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlarynyň arasynda “Merdana nesil-2022” atly şadyýan bäsleşigi gurnaldy.
Bäsleşikde çykyş eden okuwçylara Darganata etrabynyň 5-nji orta mekdebiniň mugallymy Ahmet Bagtyýarow, etrabymyzyň Çagalar sungat mekdebiniň aýdym-saz mugallymy Atajan Baýryýew, etrabyň 3-nji orta mekdebiniň mugallymy Aýnur Çaryýewa dagylar eminlik edip adalatly baha berdiler. Çekeleşikli geçen bäsleşikde I orna Darganata etrabynyň 7-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Möwlamgylyç Geldigylyjow, II orna etrabyň 12-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Aýly Şöhradow, III orna bolsa etrabyň 12-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Medet Baýramklyçew dagylar eýe boldular. Bäsleşige gatnaşanlara TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Darganata etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.