WATANA BOLAN SÖÝGI-MUKADDES DUÝGY

2022-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, 11204 harby bölümine harby gulluga gelen ýaş esgerleriň arasynda watan goragyna bolan höwesini artdyrmak maksady bilen “Watana bolan söýgi-mukaddes duýgy” atly duşuşyk çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça hünärmeni O.Aşirowa, Kerki etrabynyň ýaşulular geňeşiniň agzasy N.Igamberdiýew we 11204 harby bölüminiň 1-nji batalýonynyň serkerdesiniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary uly leýtenant T.Muhadow dagylar çykyş etdiler.

 

Arzuw RAHMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

10 Noýabr 2025 | 23 okalan

HASYL TOÝY – BEREKEDIŇ BAÝRAMY

07 Noýabr 2025 | 71 okalan

EDEBIŇ BAŞY SALAMDAN BAŞLANÝAR

03 Noýabr 2025 | 135 okalan

WOLEÝBOL ÝARYŞY GEÇIRILDI