ÝEŇIL ATLETIKA

Sportuň ýeňil atletika görnüşi biziň eýýamymyzdan öňki 3800-nji ýyllarda döräpdir. Gadymy Müsürde ilkinji gezek ylgaw ýaryşlary geçirilipdir. Ýöne ýeňil atletikanyň sport derejesine çenli göterilip, uly meşhurlyga eýe bolmagy gadymy Gresiýa döwleti bilen baglanyşyklydyr. Muny bu döwletde ilkinji Olimpiýa oýunlarynyň geçirilip başlanmagy hem subut edýär. Şeýlelikde, bu sportuň ilkinji dörän ojagy Gresiýa hasaplanylýar. Arheologlar tarapyndan ýüze çykarylan kuboklar, medallar we ýazgyly teňňeler muňa şaýatlyk edýär. Bulardan başga hem, subutnamany şol tapyndylaryň ýüzünde ýerleşdirilen ýeňil atletika bilen baglanyşykly şekillerden görmek bolýar.

Ylgamak boýunça bäsleşik ilkinji gezek Angliýada geçirilýär. Şonuň üçin hem häzirki zaman ýeňil atletikasynyň kemala gelmegi Angliýa bilen baglanyşyklydyr. Ýeňil atletika boýunça ilkinji federasiýasynyň döredilen ýurdy Angliýadyr. Iň gadymy sport görnüşleriniň biri hasaplanylýan ýeňil atletikanyň düzümine ýöremek, ylgamak, uzynlygyna we ýokarlygyna bökmek, disk, ýekedaban, naýza zyňmak ýaly görnüşleri girýär.

Taryhyny has irki döwürlerden alyp gaýdýan ýeňil atletikanyň biziň günlerimize gelip ýeten has kämil görnüşi 1840-nji ýylda döräpdir. 1877-nji ýylda sportuň bu görnüşi boýunça ilkinji halkara ýaryşlaryna badalga berlip, şondan soň dünýäniň birnäçe döwletlerinde bu sport bilen gyzyklanýanlaryň sany artyp başlaýar. ABŞ, Kanada, Awstraliýa we Ýewropa döwletlerinde bu sport bilen gyzyklanýanlaryň sany artyp başlaýar. Ýeňil atletika boýunça halkara federasiýasy (IAAF) 1912-nji ýylda döredilýär. Zenanlar sport federasiýasy bolsa 1921-nji ýylda öz işine başlaýar, emma 15 ýyldan soň federasiýanyň işi bes edilýär. FSFI-niň geçirýän ýaryşlary bolsa, 1936-njy ýyldan IAAF-a degişli edilýär. Ýeňil atletikanyň taryhynda 1983-nji ýyl hem möhüm seneleriň biridir. Şol ýyldan başlap, sportuň bu görnüşi boýunça dünýä çempionaty ýola goýulýar. Her iki ýyldan geçirilýän dünýä çempionatynyň ilkinjisi Finlýandiýa döwletinde bolýar. Tailand patyşalygynda 2005-nji ýylda ilkinji gezek geçirilen ýapyk binalardaky oýunlarda türgenler ýeňil atletika boýunça bäsleşdiler. Şondan bäri hem, ýeňil atletika Aziýa oýunlarynyň hem esasy sport görnüşleriniň biri hasaplanýar.

 

Aýnagözel ANNANUROWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäher

Geňeşiniň hasapçy-buhgalteri.