ÇEHIŇ HOKKEÝ ÝOLY

Londonyň «Arsenal» hem-de «Çelsi» toparlarynyň öňki derwezeçisi Petr Çehiň futboly hokkeýe çalşanyna üç ýyl töweregi wagt geçdi. Has anygy, 2019-njy ýylda futbol aýakgabyny çüýden asan çehiýaly ussat Angliýanyň dördünji diwizionynda çykyş edýän «Gilford Finiks» hokkeý topary bilen şertnama baglaşdy.

Ýakynda bolsa onuň bu topary terk edýändigi barada habar ýaýrady. Ýöne bu Çehiň asla hokkeý ýoluny tamamlaýandygyny aňladanok. Dumanly Albionyň üçünji hokkeý diwizionynyň «Çelmsford» toparynyň metbugat gullugynyň ýaýradan habaryna görä, çehiýaly derwezeçi bu topar bilen şertnama baglaşdy. «Men «Çelmsford» bilen täze çagyryşyň bosagasynda durun. Täze toparymyň bu möwsümde öz öňünde goýan maksadyna ýetmegine kömek edesim gelýär» diýip belleýän Petr Çeh hokkeý ýolunda hem derweze goraýar.

Ussat derwezeçiniň öz döwründe dürli ýaryşlarda «Çelside» 494, «Arsenalda» bolsa 139 duşuşyk geçirendigini hem bellemek gerek.

 

Taýýarlan Agajan GURBANMYRADOW,

sport synçysy.

Öňki makala

ÝEŇIL ATLETIKA

Indiki makala

TOR HEM TOP