Basketbol sportuň iň meşhur görnüşleriniň biridir. Onuň ady iňlis dilindäki «basket» (tor) we «ball» (top) diýen sözlerden gelip çykýar. Basketbolyň watany Amerikanyň Birleşen Ştatlary hasaplanylýar. XIX asyryň ahyrynda Massaçusets ştatynyň Springfild şäheriniň mekdepleriniň mugallymlarynyň biri sport sapaklaryny gyzykly geçirmek maksady bilen, sport zalynyň eýwanlaryna şetdaly salynýan sebedi birikdirýär hem-de okuwçylara häzirki basketbola meňzeş oýny oýnamagy teklip edýär.
Ilkibaşda oýunçylar meýdançada ylgaman, duran ýerlerinden bir-birlerine topy zyňyp, ony sebede oklapdyrlar. Sportuň täze görnüşini Amerikanyň we Kanadanyň beýleki okuw mekdepleri hem örän çaltlyk bilen özleşdirýärler. 1898-nji ýylda ilkinji professional basketbol ligasy döredilip, ol bary-ýogy bäş ýyl hereket edýär. Häzirki wagtda NBA (Milli basketbol assosiasiýasy) iň meşhur sport birleşigi bolmagynda galýar.
Basketbol Olimpiadanyň maksatnamasyna ilkinji gezek 1936-njy ýylda Berlin şäherinde geçen Olimpiýa oýunlarynda girizildi. Geçen asyryň 50-nji ýyllarynda bolsa sportuň bu görnüşi ikinji ugra — stritbol (köçe basketboly) ugruna eýe boldy. Ol meýdançanyň ýarym böleginde, bir halkada oýnamagy öz içine alýar. Köçe basketbolynyň kenarýaka ugry has meşhurdyr. Şeýle-de, «3х3 basketbol» diýlip atlandyrylýan sport görnüşi hem soňky ýyllarda barha uly meşhurlyga eýe bolýar.
Taýýarlan Gülşat AMANOWA,
TDB we SI-niň mugallymy.