Türkmenistanly dzýudoçylar Gazagystanyň Almaty şäherinde tamamlanan ýaşlaryň arasyndaky Aziýa Kubogynda üç kümüş we üç bürünç medal gazandylar.
Bäsleşigiň ilkinji gününde ildeşlerimiz üç medal gazandylar. Kümüş medala Türkmenistanyň Dzýudo federasiýasynyň türgeni Medine Oraznyýazowa, bürünç medallara bolsa Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Nuriýa Pardaýewa we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň birinji ýyl talyby 20 ýaşly Gurbanaý Gurbanowa mynasyp boldy.
Medine Oraznyýazowa kümüş medaly 5 ýurtdan 21 türgeniň bäsleşen 57 kilograma çenli agram derejesinde geçirilen ýaryşda gazandy. Ol ilkinji iki tutluşykda «ippon» arkaly gazagystanly Marjan Kalmenden we Botagoz Adilhanowdan, ýarym finalda bolsa Gülbahor Imomnazarowadan (Özbegistan) üstün çykdy. Medine finalda başga bir özbek türgeni Muhinor Allaberganowadan asgyn geldi we ikinji ýere mynasyp boldy. Şägirdiniň bu üstünligine M.Oraznyýazowanyň ilkinji tälimçisi Wioletta Krowýakowa we häzirki halypalary Gülbadam Babamyradowa bilen Tatýana Widýasowa dagy begendiler.
Nuriýa Pardaýewa we Gurbanaý Gurbanowa dagy 48 kilograma çenli agram derejesinde geçirilen ýaryşda bürünç medal gazandy. Bu agram derejede medal ugrunda 5 ýurtdan gelen 26 türgen bäsleşdiler. Hormat münberine barýan ýolda dzýudoçylarymyzyň ikisi-de dört ýeňiş gazandy.
Ilkinji üç tutluşykda Nuriýa gazagystanly garşydaşlary Zere Otepkali, Aýaulym Turdikani we Samal Imanaliýewany ýeňdi. Ýarym finalda ol gazagystanly başga bir türgen – Ingkar Kuralbaý bilen duşuşyp, ondan ýeňildi. 3-nji ýer ugrundaky göreşde bolsa özbegistanly Dilruh Hasanowany ýeňip, bürünç medal gazandy.
Iki ýyl ozal Daşkent şäherinde ýetginjekleriň arasynda geçirilen Aziýa Kubogynda Nuriýa Pardaýewanyň kümüş medal bilen sylaglanandygy bellemäge mynasypdyr. Indi bolsa has uly ýaş toparynda – ýaşlaryň arasynda bürünç medal gazandy. Ol dzýudo bilen Jora Mätnazarowanyň ýolbaşçylygynda meşgullanyp başlapdy, häzirki wagtda bolsa Gülbadam Babamyradowa we Tatýana Widýasowanyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynda ussatlygyny artdyrýar.
Gurbanaý Gurbanowa hem öz gezeginde, ähli ýeňişli tutluşyklaryny «ippon» arkaly tamamlady. Ol ilkinji üç tutluşykda Aýjan Eşimbekowany (Gyrgyzystan), Marjon Dauşewany (Gazagystan) we Dilruh Hasanowany (Özbegistan) ýeňdi, ondan soň goşmaça wagtyň dowamynda çekeleşikli geçen ýarym final tutluşygynda Mahfira Ruziboýewadan (Özbegistan) utuk boýunça ýeňşi zerarly asgyn geldi. Bürünç medal ugrundaky göreşde bolsa «ippon» arkaly Aýzat Naukenowany (Gazagystan) ýeňip, hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.
Gurbanaý Gurbanowa dzýudo äleminde ilkinji ädimlerini öňki tanymal türgeni Nasiba Hallyýewanyň ýolbaşçylygynda Lebapda ädipdi. Häzirki wagtda bolsa Gülbadam Babamyradowa we Tatýana Widýasowa ýaly tejribeli halypalaryň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ýygyndy toparynda tälim alýar.
Ýaşlaryň arasynda dzýudo boýunça geçirilen Aziýa Kubogynyň ikinji gününde türkmen dzýudoçylary ýene iki kümüş we bir bürünç medal gazandylar. Hormat münberiniň ikinji basgançagyna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ikinji ýyl talyby 20 ýaşly Agajan Aýhanow we Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ikinji ýyl talyby 20 ýaşly Baýmyrat Mätjanow, üçünji basgançagyna bolsa Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 61-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Oguljan Ruslanowa çykdy.
Agajan Aýhanow 81 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip kümüş medalyň eýesi boldy, bu agram derejesindäki ýaryşda 6 ýurtdan gelen 31 dzýudoçy bäsleşdiler. Ol ilkinji dört tutluşykda ilki Samir Ospany, soň 11 sekuntda gazagystanly Arhat Otegeni, ondan soň bolsa özbegistanly Arslonbek Kodirowy we Ulmas Fatilloýewi şeksiz ýeňdi. Finalda Agajan özbek türgeni Asrorbek Tulaganowdan ýeňlip, ikinji ýeri eýeledi.
4 ýurtdan gelen 14 dzýudoçynyň bäsleşen 100 kilograma çenli agram derejesinde geçirilen ýaryşda hut şunuň ýaly üstünligi Baýmyrat Mätjanow-da gazandy. Ol hormat münberine barýan ýolda Bauyrjan Koýşybaýdan, Kassiýet Karkyndan (ikisem gazagystanly), goşmaça berlen wagtda bolsa Jonibek Pardaýewden (Özbegistan) üstün çykdy we diňe finalda Ýerasyl Nurtazadan (Gazagystan) ýeňildi.
Bu B.Mätjanowyň halkara ýaryşlarynda gazanan ilkinji medaly däl. Ol 2023-nji ýylda Saraýewo şäherinde (Bosniýa we Gersegowina) ýaşlaryň arasynda geçirilen Ýewropa Kubogynda kümüş medal gazanypdy. Indi bolsa Aziýa Kubogynda-da şonuň ýaly üstünlige ýetdi.
Agajan Aýhanow dzýudo bilen Rejepbaý Aşyrowyň, Baýmyrat Mätjanow bolsa Şanazar Berdiýewiň ýolbaşçylygynda meşgullanyp başlapdylar. Häzirki wagtda dzýudoçylaryň ikisi-de Yhlas Setdarowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynda ussatlyklaryny ösdürýärler.
Oguljan Ruslanowa 5 ýurtdan gelen 17 türgeniň Aziýa Kubogy ugrunda bäsleşen 70 kilograma çenli agram derejesinde geçirilen ýaryşda bürünç medala mynasyp boldy. Ilkinji iki tutluşykda Oguljan Akbota Kydyralini (Gazagystan) we Tuýgül Hamroýewany (Özbegistan) ýeňdi. Ýarym finalda bu ýaryşyň ýeňijisi gazagystanly Korkem Orymbekden ýeňildi we bürünç medal ugrundaky göreşde «ippon» arkaly öz ildeşi Jennet Hasanowadan üstün çykyp, netijede bäşinji ýeri eýeledi.
Bu Lebapdan gelen 16 ýaşly zehinli dzýudoçynyň halkara ýaryşlarynda gazanan eýýäm üçünji medaly. Şu ýylyň ýazynda Oguljan Ruslanowa 2025-nji ýylda Germaniýada we Azerbaýjanda ýetginjekleriň arasynda geçirilen Ýewropa Kubogynda (Millennium Team Cadet European Cup 2025) bürünç medallara eýe boldy. Almaty şäherinde ýetginjekleriň arasynda geçirilen Aziýa Kubogynda 5-nji ýeri eýeledi, indi bolsa has uly ýaş toparynda – ýaşlar arasynda bürünç medala mynasyp boldy.
O.Ruslanowa dzýudo bilen 10 ýaşyndan bäri meşgullanýar. Ol sportuň bu olimpiýa görnüşini Aýna Zaripowadan öwrenipdi. Häzirki wagtda bolsa Gülbadam Babamyradowanyň we Tatýana Widýasowanyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynda tälim alýar.
Şeýlelik bilen, Türkmenistanyň ýygyndy topary ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa Kubogy – 2025-iň netijeleri boýunça, 3 kümüş we 4 bürünç bolmak bilen, 7 medal gazandy. Ondan öň bürünç medaly 48 kilograma çenli agram derejesinde ýetginjekleriň arasynda geçirilen ýaryşda Aşgabat şäherindäki 37-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Käkilik Derýaýewa gazanypdy.
Almaty şäherinde dzýudo boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa Kubogy 11 ýurtdan: Azerbaýjandan, Hindistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Liwandan, Mongoliýadan, Russiýadan (IJF baýdagy astynda çykyş etdi), ABŞ-dan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan 785 türgeni bir ýerde jemledi. Biziň milli toparymyz bu ýaryşlara 31 dzýudoçy bilen gatnaşdy.
turkmenistan.gov.tm