2022-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň gurnamagynda Hormatly Prezidentimiziň ösüp gelýän ýaş nesilleri millilik ýörelgeleri esasynda terbiýelemek, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň “Watançy nesillerimiz maşgala ojagynyň asylly däplerini we milli ýörelgelerimizi dowam etmeli” diýip beren öwüt-nesihatlaryny ýerine ýetirmek maksady bilen Kerki etrabynyň orta mekdepleriniň zenan mugallymlarynyň, Kerki etrap häkimliginiň hünär-tehniki okuw mekdebiniň mugallymlarynyň, talyplarynyň we ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda Kerki etrap medeniýet merkezinde “Maşgala mukaddesligi – mertebe mekdebi” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda maşgala agzybirligine bagyşlanan gysgametražly film görkezildi. Wagyz-nesihat çäresinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy Arzuw Rahmanowa, Türkmenistanyň Gyzylýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýatynyň Kerki etrabyndaky wekili Ýakut Ýoldaşowa, Kerki etrabynyň ýaşaýjylary hajy eneler Aýnabat Jumaýewa we Akgül Hudaýnazarowa dagylar çykyş etdiler.
A.RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.