EL BUKJAM-EDEP BUKJAM

Zenan dünýäsi gözellige görk goşýan dury gözbaşa meňzeýär. Türkmen gelin-gyzlarymyzyň döreden el işlerini synlanyňda bolsa, “Ene-mamalarymyz nesillere öz ykballaryny beýan edýän ajaýyp senedi miras galdyrypdyr” diýen pikir seriňe dolýar.

Hawa, hemişe tertipli we ykjam bolan enelerimiz biçip-tikmekde, keşde çekmekde we gaýamakda döredijilikli zähmet çekipdirler. Olaryň hünärli golundan çykan her bir iş, sungat derejesine baryp ýetipdir. Şeýle el işleriň arasynda hem el bukjalaryny görmek bolýar. Sünnälenip edilýän bukjalar: keçe bukjalar, parça (mata) bukjalar, örme we palas bukjalar ýaly dürli görnüşde taýýarlanypdyr. Şol bukjalara egin-eşikler, matadyr-marlyklar we beýleki geýim-gejimler salynsa, kiçi bukjalara aýna hem-de darak ýaly serişdeler salynypdyr. Şeýlelikde nepislik  bilen ýasalan bukjalar öz aralarynda dürliçe atlandyrylypdyr, ýagny bukja, torba, düwünçek...

Bilşimiz ýaly, irki döwürlerde enelerimiz el bukjasyny öz gyzyna, gelnine, agtyk gyzyna ýa-da agtyk gelnine miras geçirmegi özleriniň mukaddes borjy saýypdyrlar. Enelerimiz gyzlaryna bukja tikmek we bukja ýygnamak işini eýýäm ýaşlykdan öwredip başlapdyr. Ýaşlykdan el-hünärine ökdelän gyzlar bukja edinmekde bir-biri bilen bäsleşipdirler. Uly gyzlar el bukjalaryny taýýarlanlarynda bir-birinden owadan we nepis etmäge çalşypdyrlar. Bukjalara geljekki durmuşlaryna bolan isleg-arzuwlaryny siňdirip, ýörite şygarlar hem düzüpdirler. “El bukjam-a, el bukjam, Derýadan geçen bukjam”…

Dürli görnüşlere baý bolan bukjalaryň biri hem aýna bukjalar bolmak bilen, bu gyzlaryň söýgüli işleriniň biri bolup, oňa gelin- gyzlar baş daragyny, saçbaglaryny, ýüz görülýän aýnasyny, saça dakýan şaý-sepini we alajalaryny salypdyrlar. Aýna bukjanyň matadan tikilip, pugtama nagşy we alaja bilen bezelişi onuň tapawutly tarapydyr. Aýna bukja dürli reňkli matalardan gurama görnüşli hem taýýarlanypdyr. Gelin-gyzlarymyzyň ruhy dünýäsi bilen berk baglanyşykly bolan bukjalar barada gadymy gürrüňler hem bardyr. Ýagny, bukja eplenende üçburçlugy emele getirse-de, ol bäşburçdyr. Haýsy bir bukjany açyp görseň, ol birleşýän ýeri bilen birlikde bäş bölekden ybaratdyr. Onuň her bölegi bir manyny aňladýar. Aşaky bölegi söýgini, sag bölegi wepalylygy, çep bölegi perzendi, agyz bölegi yhlaslylygy, birleşýän ýeri bolsa bagtly durmuşy we agzybirligi aňladýar.

“Bukja durmuşa çykýan gyzyň el hünärine ökdeligini görkezmek üçin gerek” diýip, gadymdan bäri nesilme-nesil geçip gelýän ene-mamalarymyzyň bu aýtgylary, bu günki günde hem uly ähmiýete eýedir. Sebäbi, bu günki bagtyýar zamanamyzda her bir zat öz döwrüne görä ösýär. Öňler bukja diňe köýnekler, matadyr-marlyklar salynsa, häzirki wagtda döwrebap görnüşde tikilen köýnekler, köwüşler, gyňaçlar, öýmeler ýerleşdirilip olar dürli gaşlar, alajalar, monjuklar bilen bezelýär. Şeýle döwürde abadançylygyň we bolçulygyň hözirini görüp ýaşamak bolsa uly bagtlylykdan nyşandyr.

Bir söz bilen aýdylanda, milliligimize, ruhy ahlaklylyga sarpa goýmak, ony ylham çeşmesi, ruhy baýlyk hasaplamak Watanyňa, geçmişiňe, geljegiňe we ene topragyň ähli barlyklaryna guwanmak biz ýaşlar üçin egsilmez bagtdyr.

Milli mirasymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy giňden öwrenmekde we dünýä ýaýmakda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýdýarys.

 

Aýjeren GELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň sanly

ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Dekabr 2022 | 49 okalan

Dutar-syrly senet

02 Dekabr 2022 | 35 okalan

BITARAPLYK-DILLERIMIZIŇ DESSANY

01 Dekabr 2022 | 42 okalan

“SAGDYN NESIL-SAGDYN JEMGYÝET”