TÜRKMENISTANLY BUZDA TYPYJYLAR STAMBULDA GEÇIRILJEK HALKARA ÝARYŞA GATNAŞAR

Türkmenistanly buzda typyjy gyzlaryň dördüsi 29-njy noýabrda Türkiýäniň Stambul şäherinde başlanjak Bosfor Stambul Kubogyna gatnaşar. Däbe öwrülen bu halkara ýaryş erkekleriň we zenanlaryň arasynda ýekelikde geçirilýär.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Ýana Wahitowanyň tälimçiligindäki wekilleri halkara ýaryşa ýokary derejede taýýarlyk gördi. Abraýly ýaryşa gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde boljak türkmen wekiliýetine Abat Muhammetnyýazowa ýolbaşçylyk eder.

FISU-nyň (Konkide typyjylaryň halkara birleşigi) howandarlygynda geçýän Bosfor Stambul Kubogy türkmenistanly buzda typyjylar üçin uly tejribe bolar. Ol golaýda FISU-nyň agzalygyna kabul edilen Türkmenistanyň sportuň bu görnüşi boýunça milli mekdebiniň ösüşinde möhüm ädim bolar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanda buzdaky sport görnüşleriniň ýene biri — şort-trek boýunça hem bu halkara birleşigiň agzalygyna girmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar.

Türkiýede geçjek Bosfor Stambul Kubogy 3-nji dekabrda tamamlanar.

 

turkmenportal.com