TERBIÝE YNSANYŇ BEZEGI

2022-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrabynyň 31-nji orta mekdebinde okaýan ýokary synp okuwçylaryň arasynda tertip-düzgüni berkitmek, zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak, täze ýyl baýramy mynasybetli ulanylýan baýramçylyk çyrajyklaryndan ägä bolmak, dürli hilli partladyjy serişdeleri, ýangyn howply maddalary ulanmazlygy ündemek, ösüp gelýän ýaş nesillerde watançylyk, ahlaklylyk, ululara hormat goýmak häsiýetlerini wagyz etmek maksady bilen “Terbiýe ynsanyň bezegi” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri A.Joraýew, Kerki etrabynyň 31-nji orta mekdebiniň müdiri N.Hudaýberdiýew dagylar çykyş etdiler.

 

Arzuw RAHMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.